Gyrgyzystan 50 million amerikan dollaryna Türkmenistandan elektrik toguny we Gazagystandan kömür satyn aldy


Gyrgyzystan Aziýa Ösüş Banky (ADB) tarapyndan Türkmenistandan elektrik energiýasyny satyn almak boýunça bölünip berlen 50 million dollaryny dolanyşyga girizdi we bu mukdaryň bir bölegini Gazagystandan Bişkekdäki ýylylyk elektrik stansiýasy üçin kömür importyna sarp ediler.
24.KG agentliginiň habaryna görä, bu barada Gyrgyzystan Respublikasynyň Energetika ministriniň orunbasary Sabyrbek Soltanbekow habar berdi.
«50 million amerikan dollary – bu diňe elektrik energiýasyny import etmek üçin. Şeýle hem, kömür importy barada başga bir şertnamamyz bar. Häzirki wagtda 2,5 milliarddan gowrak (takmynan 30 million amerikan dollary) import edýäris. Biz Türkmenistandan we Gazagystandan import edýäris» – diýip, ministr belleýär.
Gyrgyzystanyň hökümeti AÖB-nyň býujet goldaw gaznasyny energiýa pudagyna gönükdirýär. Şunuň bilen baglylykda, bu mukdaryň 50% -i, 1-1.5% göterim bilen 24 ýyllyk karz bolup, galan 50% göterimi bolsa grantdyr.
ORIENT news








