HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen hünärmenleri migrasiýany utgaşdyrmak ulgamynda halkara tejribesini öwrenýärler

Dekabr 09, 2022 | 16:30 |6199
Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we bölümleriniň wekilleri Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň (HMG) tertipsiz migrasiýa bagyşlanan wideoaragatnaşygy arkaly okuw sapagyna gatnaşdylar.Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we bölümleriniň wekilleri Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň (HMG) tertipsiz migrasiýa bagyşlanan wideoaragatnaşygy arkaly okuw sapagyna gatnaşdylar.
Çeşme:

Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we bölümleriniň wekilleri Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň (HMG) tertipsiz migrasiýa bagyşlanan wideoaragatnaşygy arkaly okuw sapagyna gatnaşdylar.

Bu okuw sapagy döwlet işgärleriniň migrasiýany utgaşdyrmak ulgamynda, durmuş-ykdysady syýasaty işläp düzmekde migrasiýa maglumatlary bilen işlemek baradaky bilimlerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Türkiýäniň hünärmenleri umuman sebitdäki tertipsiz migrasiýa dinamikasyny gözden geçirdiler we bu ugurda MHG-niň alyp barýan syýasaty bilen tanyşdylar.

Şeýle hem gatnaşyjylara Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň alymlar topary tarapyndan taýýarlanan «Dolanyş migrasiýasy: halkara çemeleşmeler we Merkezi Aziýanyň sebitleýin aýratynlyklary» atly gollanmasy bilen tanyşdyryldy.

Okuw sapagynda yzyna dolanyp gelýän migrantlaryň adam maýasynyň we öz ýurtlarynyň ykdysady çeşmeleriniň ösmegine möhüm goşant goşýandyklary nygtaldy. Şeýle hem dolanyş migrasiýasy durnukly ösüş nukdaýnazaryndan uly mümkinçiliklere eýedir.

Maslahat migrasiýanyň dinamikasynyň çylşyrymly häsiýete eýe bolmagy sebäpli ýüze çykýan meseleleri çözmäge we bu ugurda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Döwletara konsultatiw mehanizminiň Almaty prosessiniň çäreleriniň senenamasyna laýyklykda gurnaldy. Almaty prosessi 2013-nji ýylda döredildi. Oňa Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan girýär.

Almaty prosesi Migrasiýa hakynda ählumumy şertnamanyň we Bosgunlar hakynda ählumumy şertnamanyňyň milli we sebit derejesinde durmuşa geçirilmegine goşant goşýar, mundan başga-da özara maglumat we öňdebaryjy tejribeleri alyşmakda, şeýle hem agza döwletleriň mümkinçiliklerini artdyrmakda deňhukukly platforma bolup hyzmat edýär.

ORIENT news
Surat: HMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan berildi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026