ABŞ-nyň «Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçileriň gaznasy» maliýe serişelerini almak boýunça arzalaryň kabul edişligini tamamlaýar


ABŞ-nyň «Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçileriň gaznasy» (AFCP) maliýe serişdelerini almak boýunça arzalary kabul etmegiň tamamlanýandygyny ýatladýar. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web saýty habar berýär.
Arzalary tabşyrmagyň iň soňky güni 2022-nji ýylyň 15-nji dekabrydyr. Degişli resminamany almak üçin ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasyna ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.
Taslamany ýerine ýetirmäge gatnaşýan taraplar taslamanyň we oňa gatnaşyjylaryň jikme-jik beýanyny, şol sanda taslamanyň möhletlerini we medeni ýadygärligiň wajyplygyny görkezmelidir.
Teklip edilýän taslamanyň çykdaýjysy 500 müň amerikan dollaryndan geçmeli däldir.
«Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçileriň gaznasy» ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Bilim we medeni meseleler edarasynyň 2001-nji ýylda döredilen maksatnamalarynyň biridir. Bu maksatnama döredilen döwründe dünýäniň 200-den gowrak ýurdunda medeni mirasy gorap saklamak boýunça 900-den gowrak taslama goldaw berdi.
Hususan-da, Türkmenistan 30-a golaý medeni mirasyň ýadygärliklerini gorap saklamak üçin maliýe serişdelerini aldy. Olara XVIII, XIX we XX asyryň türkmen halylarynyň özboluşly ýygyndysyny gorap saklamak üçin Türkmenistanyň Milli haly muzeýiniň taslamasy, seýrek we gymmatly kitaplary gorap saklamak we dikeltmek üçin Türkmenistanyň Milli kitaphanasynyň taslamasy degişlidir.
Bu maliýe serişdeleri Milli kitaphanada XVI-XIX asyrlarda 50,000 töweregi seýrek we gymmatly kitaplary gorap saklamaga we dikeltmäge kömek etdi. ABŞ-nyň Döwlet Departamenti Ahal welaýatynda ýerleşýän Şahryslam ýadygärliginiň XI asyra degişli bolan suw desgalaryny (sardobalaryny) dikeltmek we gorap saklamak taslamasyny maliýeleşdirdi. Bu taslamany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we Taryh we arheologiýa instituty bilelikde ýerine ýetirýärler.
AFCP maksatnamasy medeni mirasy gorap saklamak boýunça taslamalaryň aşakdaky görnüşlerini maliýeleşdirýär:
-taryhy ýadygärlikleri we binalary, ýadygärlikleri we arheologiki ýerleri öz içine alýan medeni ýerleri,
-muzeýlere, ýadygärliklere ýa-da şuňa meňzeş edaralara degişli medeni tapyndylary we ýygyndylary (suratlary, golýazmalary, suratlary we filmler ýygyndysyny),
-halk döredijiliginiň däp bolan ugurlaryny (aýdym-sazlary, däp-dessurlary, bilimleri, dilleri, tanslary).
Has giňişleýin maglumat almak üçin telefon belgisi - (+993 12) 473503.
ORIENT news
Surat: archeorient.hypotheses.org








