HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Arkalaşygyň ýurtlarynyň lukmanlary saglygy goraýyş işgärleriniň psihiki-emosional ýadawlygy baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

Dekabr 09, 2022 | 03:15 |3711
Lukmanlaryň we orta derejeli lukman işgärleriň arasynda psihiki-emosional ýadawlygyň sindromy, giňden ýaýran ruhy çökgünligiň ýokary derejesi, aladalar, kynçylyklar we emosional näsazlyklar saglygy goraýyşy guramagyň we maglumatlaşdyrmagyň rus merkezi ylmy-barlag instituty tarapyndan başy başlanyp guralan tegelek stoluň esasy meseleleri boldy. Bu edara GDA gatnaşyjy döwletleriň jemgyýetçilik saglygynyň we saglygy goraýyşyň habarlarynyň binýatlyk guramasy bolup durýar diýip, mednet.ru neşiri ýazýar.Lukmanlaryň we orta derejeli lukman işgärleriň arasynda psihiki-emosional ýadawlygyň sindromy, giňden ýaýran ruhy çökgünligiň ýokary derejesi, aladalar, kynçylyklar we emosional näsazlyklar saglygy goraýyşy guramagyň we maglumatlaşdyrmagyň rus merkezi ylmy-barlag instituty tarapyndan başy başlanyp guralan tegelek stoluň esasy meseleleri boldy. Bu edara GDA gatnaşyjy döwletleriň jemgyýetçilik saglygynyň we saglygy goraýyşyň habarlarynyň binýatlyk guramasy bolup durýar diýip, mednet.ru neşiri ýazýar.
Çeşme:

Lukmanlaryň we orta derejeli lukman işgärleriň arasynda psihiki-emosional ýadawlygyň sindromy, giňden ýaýran ruhy çökgünligiň ýokary derejesi, aladalar, kynçylyklar we emosional näsazlyklar saglygy goraýyşy guramagyň we maglumatlaşdyrmagyň rus merkezi ylmy-barlag instituty tarapyndan başy başlanyp guralan tegelek stoluň esasy meseleleri boldy. Bu edara GDA gatnaşyjy döwletleriň jemgyýetçilik saglygynyň we saglygy goraýyşyň habarlarynyň binýatlyk guramasy bolup durýar diýip, mednet.ru neşiri ýazýar.

Lukman işgärleriniň hünär taýdan işleri hemişelik fiziki we emosional stres bilen baglanyşyklydyr, COVID-19 pandemiýasy döwründe bolsa lukman işgärlere täsir edýän ýaramaz ýagdaýlar ep-esli güýçlendi, muny aýratyn-da, “howply zolakda” işlän lukmanlar duýdular.

Bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak hem-de ony çözmegiň ýollaryny tapmak üçin bu duşuşyk guraldy. Onda gatnaşyjylar ruhy taýdan ýadawlygyň öňüni almak, ruhy taýdan ýadawlygy ýeňip geçmekde lukman işgärlerine kömek bermegiň usullary we görnüşleri baradaky maglumatlary paýlaşdylar, şeýle hem COVID-19 pandemiýasy döwründe lukman işgärleriniň töwekgelçiligini we alyp barýan işlerinde adatdan daşary ýadawlygynyň ýaýraýşyny öwrenmek boýunça geçirilen milli barlaglaryň netijelerini görkezdiler.

1 (1).jpg

Çärä GDA ýurtlarynyň, BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň, W.P. Serbskiý adyndaky psihiatriýa we narkologiýa milli lukmançylyk barlak merkeziniň (psihiatriýa we narkologiýa ulgamynda GDA gatnaşyjy döwletleriň binýatlyk guramasy) we Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026