Türkmenistanyň agyr atletikaçylary üçin Olimpiýa oýunlary boýunça saýlama ýaryşlary belli boldy


Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) Parižde geçiriljek 33-nji tomusky Olimpiýa oýunlaryna bilet almak üçin saýlama ýaryşlarynyň doly sanawyny yglan etdi. Bu sanaw 2022-nji ýylyň 5-nji dekabryndan 17-nji dekabry aralygynda dünýä çempionatyndan öň Kolumbiýanyň Bogota şäherinde geçirilýän Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýörite gurultaýynda yglan edildi.
Bu çempionat türgenler üçin Pariže barýan ilkinji ädimdir. Onda Türkmenistanyň türgenleri hem wekilçilik edýärler. Ondan soň dört sany yklymyň çempionaty we Kubada IWF-niň Baş baýragy ugrunda çempionat geçiriler. Geljek sentýabr aýynda agyr atletika boýunça 2023-nji ýylyň dünýä çempionaty, noýabr aýynda Ýuwaş ummany oýunlarynda Okeaniýanyň çempionaty we dekabr aýynda bolsa IWF-niň ýene-de bir Baş baýragy ugrundaky çempionat geçiriler.
Saýlama ýaryşlary 2024-nji ýylyň ýanwar we fewral aýlarynda ähli yklymyň çempionatlary, soň bolsa jemleýji tapgyr hökmünde aprel aýynda Taýlandda geçiriljek IWF-niň dünýä çempionaty bilen dowam etdiriler. Saýlama ýaryşlaryň döwri 2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda Pariž Olimpiýa oýunlarynyň başlanmazyndan üç aý öň tamamlanýar.
Federasiýanyň agzalary IWF-iň işini has-da gowulandyrmak, dopinge garşy göreş bilen baglanyşykly düzgünleri güýçlendirmek baradaky teklipleri hem goldadylar. Üýtgeşmeler IWF-iň 2024-nji ýylyň Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlary üçin täzelenen Olimpiýa kwalifikasiýa ulgamynyň özenindäki arassa bäsleşige bolan ygrarlylygyna esaslanýar.
Mysal üçin, IWF-niň 2024-nji ýylda geçiriljek Pariž oýunlarynyň tehniki wekili Metýu Kerteýn her bir saýlama ýaryşyndan üç aý öň bellige alynmaly türgenleriň nirededigini hasaba almak jogapkärçiliklerine teklip edilýän üýtgeşmeleri beýan etdi.
Bu bolsa öz gezeginde dopinge garşy çäreleriň has hem güýçlendirilýändigini görkezýär, sebäbi bu ýaryşlaryň arasynda uzak arakesme ýok.
Teklip edilýän üýtgeşmeler, agyr atletika ýaryşlaryny öwrenmegi, şeýle hem geljekki IWF dünýä çempionatynyň dowamlylygyny gysgaltmak çärelerini öz içine alýar. IWF-niň wise-prezidenti Petr Krol 2024-nji ýyldan başlap dünýä çempionatynda we yklym ýaryşlarynda ähli tälimçiler üçin hökmany tälimçilik ygtyýarnamalaryny girizmegi wada berdi.
ORIENT news
Surat: catherineasquithgallery.com








