HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we ITFC guramasy Yslam maliýeleşdirilişi boýunça seminar geçirýär

Dekabr 08, 2022 | 15:56 |11232
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we Halkara yslam söwda-maliýe korporasiýasy (ITFC) ilkinji gezek bilelikde Türkmenistanyň maliýe edaralarynyň wekilleri üçin ýörite Yslam maliýeleşdirilişi boýunça seminar geçirýärler. Bu barada ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we Halkara yslam söwda-maliýe korporasiýasy (ITFC) ilkinji gezek bilelikde Türkmenistanyň maliýe edaralarynyň wekilleri üçin ýörite Yslam maliýeleşdirilişi boýunça seminar geçirýärler. Bu barada ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we Halkara yslam söwda-maliýe korporasiýasy (ITFC) ilkinji gezek bilelikde Türkmenistanyň maliýe edaralarynyň wekilleri üçin ýörite Yslam maliýeleşdirilişi boýunça seminar geçirýärler. Bu barada ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

«Okuw sapagy yslam ýurtlarynyň bank ulgamynyň esasy ýörelgelerine we gurallaryna bagyşlanýar. Sapagyň maksady Türkmenistanyň eksport kuwwatyny has ýokarlandyrmaga ýardam bermekden, onuň aýratynlyklaryna düşünmekden we yslam maliýe guramalarynyň hereket edýän täze bazarlaryny açmakdan ybaratdyr. Mysal üçin, Arap ýurtlarynda, Aziýa we Afrika döwletlerinde» - diýip, ITFC-niň toplumlaýyn söwda çözgütleriniň dolandyryjysy Jarilkasin Ylýasow belledi.

Bu seminar okuwy Türkmenistanda Yslam maliýe ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegi we halkara söwdany güýçlendirmek üçin döredilen yslam maliýe önümleri we hyzmatlary boýunça dürli okuw sapaklaryny öz içine alýar.

Внешэкономбанк Туркменистана и ITFC проводят семинар по исламскому финансированию

Yslam bankynyň amaly we düzgünleşdiriş işlerine, şeýle hem yslam maliýe esaslaryna bagyşlanan amaly okuw sapaklaryna Yslam maliýe ulgamy boýunça öňdebaryjy hünärmenler Kazimhan Turaýew we Talanta Kerimbaýew ýolbaşçylyk edýärler.

2021-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hökümeti we ITFC üç ýyl möhlet bilen esasy harytlary import etmek, oba hojalygyna we dokma senagatyna goldaw bermek we hususy pudakda maliýeleşdirmegi üpjün etmek babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy öz içine alýan bahasy 150 million amerikan dollary bolan çarçuwaly şertnama gol çekdiler.

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky hususy türkmen kärhanalarynyň eksporta gönükdirilen taslamalaryny ITFC-niň hasabyna daşary ýurt walýutasynda maliýeleşdirmek üçin arzalary kabul edýändigini yglan edipdi.

ORIENT news
Redaksiýanyň suraty

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026