Nakgaş eserlerinden ajaýyp çemen: Aşgabatda ýaşlar sergisinde görkezilen suratlar, keramika we kümüş şaý-sepleri


Aşgabatda her ýyl dekabr aýynyň başynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilýän “Gujurly ýaşlar-2022” sergisi açyldy. Sergide zehinli ýaşlaryň gatnaşmagynda ýylyň dowamynda birnäçe gezek sergileriň, bäsleşikleriň we beýleki medeni çäreleriň geçirilýän häzirkizaman sergi giňişligine öwrülen döredijilik YOM-niň talyplarynyň we mugallymlarynyň iň gowy işleri görkezilýär.
Olaryň eserleri serginiň hakyky bezegine öwrülip, kähalatda haýsy eseriň ýaş talyba, haýsysynyň bolsa halypa nakgaşyň çotgasyna degişlidigini kesgitlemek kyn boldy.
Mysal üçin, Durdymyrat Pirowowyň "Gulakhalka" suraty hiç kimi biperwaý galdyrmady. Ilkibada çylşyrymly däl ýaly bolup görünýän bu kompozisiýa myhmanlary diýseň haýran galdyrdy we eseri synlaýanlaryň her biri özüni ýyly maşgala ojagynyň gahrymanlarynyň ýanynda ýaly duýdular. Ýeri gelende aýtsak, mugallymlar ussatlygy üçin bu talyby “guýma zehin” diýip atlandyrýarlar we onuň eserleriniň haýran galdyrmagy we buýsandyrmagy dowam edýändigini belleýärler.

Aýgytly bäsleşigiň öňüsyrasynda meşhur sazandanyň şol pursat hakyky başdan geçirýän duýgularyny we içki aladalaryny kendiriň ýüzüne geçirip bilen başga bir ýaş suratkeşiň eseri “Şukur bagşy” diýlip atlandyrylýär.
Nakgaşyň ussahanasynda hezil edip oýnaýan alabaý güjüjekleri bolsa bu eseri synlaýanlaryň hemmesini biygtyýar ýylgyrmaga mejbur edýär. Awtor özlerini söýgüli oýnawaçlaryny paýlaşyp bilmeýän çagalar dek alyp barýan güjüjekleriň garagollyk edýän pursatyny şekillendiripdir.

Başga bir kendiriň ýüzünde üýtgeşik owadan gülüň güllän pursaty görkezilipdir. Diňe ýakynlaşyp, has içgin synlanyňda bu hakyky sungat eseriniň kagyzyň ýüzüne adaty reňkli galamlar bilen çekilendigini görmek bolýar. Güljemal Begliýewa öz grafiki kompozisiýasyny "Ylham beriji arzuw" diýip atlandyrypdyr.

Bu ýerde zergär ussalaryň ajaýyp şaý-sepleri, amaly-haşam sungaty kafedrasynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň sünnäläp ýerine ýetiren işleri hem görkezilýär.
Sergä gelenleriň hiç biri-de bu ýerdäki nakgaş eserleriniň çemeninden biperwaý galmady - kimdir biri ruhy lezzet aldy, kimdir biri özüni çagalyk ýatlamalarynyň gujagyna oklady, ýene biri bolsa bu gözellikden ylham joşgunyna bat berjek gujur-gaýrata beslendi. Bir söz bilen aýdylanda, her kim öz ýany bilen ýakymly duýgulary alyp gitdi.
Sergi 2023-nji ýylyň ýanwaryna çenli dowam eder. Giriş mugt.
Gulýa Geldiýewa








