HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hindistanda altyn teňňe satuwy boýunça dünýäde ilkinji bankomat işläp başlady

Dekabr 10, 2022 | 04:10 |5129
Kredit ýa-da debet plastik kartlaryndaky pul serişdelerine altyn teňňeleri satyn almaga mümkinçilik berýän dünýädäki ilkinji bankomat Hindistanyň Haýdarabat şäherinde müşderilere hyzmat edip başlady. Bu barada, Goldsikka kompaniýasynyň Twitterdäki maglumatlaryna salgylanmak bilen, RIA Nowosti habar berýär.Kredit ýa-da debet plastik kartlaryndaky pul serişdelerine altyn teňňeleri satyn almaga mümkinçilik berýän dünýädäki ilkinji bankomat Hindistanyň Haýdarabat şäherinde müşderilere hyzmat edip başlady. Bu barada, Goldsikka kompaniýasynyň Twitterdäki maglumatlaryna salgylanmak bilen, RIA Nowosti habar berýär.
Çeşme:

Kredit ýa-da debet plastik kartlaryndaky pul serişdelerine altyn teňňeleri satyn almaga mümkinçilik berýän dünýädäki ilkinji bankomat Hindistanyň Haýdarabat şäherinde müşderilere hyzmat edip başlady. Bu barada, Goldsikka kompaniýasynyň Twitterdäki maglumatlaryna salgylanmak bilen, RIA Nowosti habar berýär.

―“Altyn bankomaty” üstünlikli işe goýberendigimize buýsanýarys! Bu ýeten sepgidimiz arkaly Hindistan ýene-de altyn ýelekli guşa öwrüler diýip umyt edýäris – diýlip, habarda bellenýär.

Bankomatdan 0,5-den 100 grama çenli teňňeleri alyp bolýandygy bellenýär. London biržasynda bu gymmatbahaly metalyň kotirowkasynyň üýtgäp durmagy bilen baglylykda, awtomatyň ekranynda hakyky wagtda gyzyl teňňeleriň bahasynyň täzelenip durmagyny kompaniýa bankomatyň aýratynlygy hökmünde belleýär.

“Geljekde ýene dört bankomaty Haýdarabatda, şol sanda howa menzilinde ornaşdyrmagy meýilleşdirýäris. Soňra bolsa tutuş ýurdy, yzýanyndan bütin dünýäni gurşap alarys" – diýip, Goldsikka kompaniýasynyň wise-prezidenti Ritika Mitra buýsanç bilen aýtdy.

Şeýle hem, ol "altyn bankomatlaryň” gözegçilik kamerasy we polisiýa göni baglanan sesli duýduryşly howpsuzlyk ulgamy bilen enjamlaşdyrylandygyny belläp geçdi.

Hindistanyň Goldsikka hususy kompaniýasy ýurtda 3000 sany bankomaty işe girizmegi we öz önümleri bilen dünýä bazaryna çykmagy meýilleşdirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026