HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystan Hazar düwlenlerini gorap saklamak üçin olaryň ätiýaçlandyrma binýadyny döredýär

Dekabr 07, 2022 | 09:52 |7957
Gazagystan Hazar düwlenleriniň görnüşlerini gorap saklamak üçin döwlet ätiýaçlandyrmasyny döredýär diýip, respublikanyň ekologiýa, geologiýa we tebigy serişdeler ministri Serikkali Brekeşewiň aýdan sözlerine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.Gazagystan Hazar düwlenleriniň görnüşlerini gorap saklamak üçin döwlet ätiýaçlandyrmasyny döredýär diýip, respublikanyň ekologiýa, geologiýa we tebigy serişdeler ministri Serikkali Brekeşewiň aýdan sözlerine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.
Çeşme:

Gazagystan Hazar düwlenleriniň görnüşlerini gorap saklamak üçin döwlet ätiýaçlandyrmasyny döredýär diýip, respublikanyň ekologiýa, geologiýa we tebigy serişdeler ministri Serikkali Brekeşewiň aýdan sözlerine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

“Hazar düwlenlerini gorap saklamak meseleleri möhümdir. Prezidentiň tabşyryklarynyň çäklerinde Hazar deňzinde döwlet tebigy ätiýaçlandyrmasyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar” diýip, sişenbe güni hökümetiň mejlisinde Brekeşew aýtdy.

Onuň sözlerine görä, tebigy-ylmy esaslandyrma taýýarlanylýar, şony edara “2023-nji ýylyň ýanwarynda alyp, şondan soň tehniki-ykdysady esaslandyrmany taýýarlamaga girişer”.

Gazak lideri Kasym-Žomart Tokaýew 2021-nji ýylyň sentýabrynda Russiýanyň we Gazagystanyň XVII sebitara hyzmatdaşlygy forumyna Demirgazyk Hazarda düwlenleriň görnüşlerini gorap saklamak üçin döwlet ätiýaçlandyrmasyny döretmegi teklip etdi. Onuň pikirine görä, iki ýurduň hem “Gyzyl kitabyna” girizilen Hazar düwleniniň görnüşleriniň azalmak meselesi örän ýitidir. Tokaýew bu täsin jandary gorap saklamak, olaryň mesgen tutýan we köpelýän çäklerini goramak boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň zerurdygyny belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026