HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanda Hugo Boss brendi astynda egin-eşikleri öndürýän fabrik işe girizildi

Dekabr 07, 2022 | 09:55 |10185
Hugo Boss – bütindünýä meşhur brend we moda egin-eşiklerini öndüriji (Germaniýa) kompaniýasy “Fazman tekstil” özbek kärhanasy bilen bilelikde Namangan şäherinde häzirki zaman dokam fabrigini işe girizdiler. Bu ýerde kostýum-balak, şeýle hem Hugo Boss brendi astynda erkeklere, zenanlara we çagalara degişli egin-eşikleriň öndürilişini ýola goýmak meýilleşdirilýär diýip, Namangan häkimligine salgylanyp, özbek habarlar agentlikleri habar berýärler.Hugo Boss – bütindünýä meşhur brend we moda egin-eşiklerini öndüriji (Germaniýa) kompaniýasy “Fazman tekstil” özbek kärhanasy bilen bilelikde Namangan şäherinde häzirki zaman dokam fabrigini işe girizdiler. Bu ýerde kostýum-balak, şeýle hem Hugo Boss brendi astynda erkeklere, zenanlara we çagalara degişli egin-eşikleriň öndürilişini ýola goýmak meýilleşdirilýär diýip, Namangan häkimligine salgylanyp, özbek habarlar agentlikleri habar berýärler.
Çeşme:

Hugo Boss – bütindünýä meşhur brend we moda egin-eşiklerini öndüriji (Germaniýa) kompaniýasy “Fazman tekstil” özbek kärhanasy bilen bilelikde Namangan şäherinde häzirki zaman dokam fabrigini işe girizdiler. Bu ýerde kostýum-balak, şeýle hem Hugo Boss brendi astynda erkeklere, zenanlara we çagalara degişli egin-eşikleriň öndürilişini ýola goýmak meýilleşdirilýär diýip, Namangan häkimligine salgylanyp, özbek habarlar agentlikleri habar berýärler.

Dokma talamasy $40 million bahalandyrylýar. Häzirki wagtda 1500 iş orunlyk kärhananyň birinji nobatdakysy ulanylyşa tabşyryldy. Doly kuwwadyna işe girizilenden soň bu ýerde işgärleriň 3 müňden gowragy zähmet çekip biler.

1.jpg

Býujetiň bir bölegi -- $20 million Germaniýadan we Türkiýeden häzirki zaman enjamlaryny satyn almaga sarp edildi. Her ýyl özbek fabriginde taýýar önümiň bir million möçberiniň öndürilmegi meýilleşdirilýär, şunda eksportyň bir ýyllyk möçberi $15 million barabar bolar.

Maglumat üçin: Hugo Boss AG kompaniýasyny köplenç BOSS diýip atlandyrýarlar, ol lýuks derejeli Modalar öýi bolup durýar. Kompaniýa 1924-nji ýylda esaslandyryldy, bu gün bolsa ol egin-eşik öndürýän iň iri nemes kompaniýalarynyň birine öwrüldi. 2019-njy ýylda satuwyň möçberi 2,9 milliard ýewro deň boldy.

Hugo Boss kompaniýasyna bütin dünýä boýunça bölek satuw dükanlarynyň we butikleriň 1113-den gowragy degişlidir, şolardan egin-eşikleri, degişli serişdeleri, aýakgaplary we parfýumeriýany satyn alyp bolýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026