HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşkentde GDA ýurtlarynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasy ýygnanar

Dekabr 07, 2022 | 02:06 |4904
12-14-nji dekabrda Daşkentde GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XV forumy geçiriler. Kongress Arkalaşygyň ýurtlarynyň Döwletara geňeşiniň we Ynsanperwer hyzmatdaşlygy gaznasynyň goldamagynda geçirilýär we däp boýunça her ýyl GDA döwletleriniň paýtagtlarynda bolup geçýär diýip, özbek KHBS-leri habar berýärler.12-14-nji dekabrda Daşkentde GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XV forumy geçiriler. Kongress Arkalaşygyň ýurtlarynyň Döwletara geňeşiniň we Ynsanperwer hyzmatdaşlygy gaznasynyň goldamagynda geçirilýär we däp boýunça her ýyl GDA döwletleriniň paýtagtlarynda bolup geçýär diýip, özbek KHBS-leri habar berýärler.
Çeşme:

12-14-nji dekabrda Daşkentde GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XV forumy geçiriler. Kongress Arkalaşygyň ýurtlarynyň Döwletara geňeşiniň we Ynsanperwer hyzmatdaşlygy gaznasynyň goldamagynda geçirilýär we däp boýunça her ýyl GDA döwletleriniň paýtagtlarynda bolup geçýär diýip, özbek KHBS-leri habar berýärler.

Ilkinji forum 2006-njy ýylda geçirildi we şondan bäri ylym we döredijilik ulgamynyň görnükli işgärleriniň, GDA-nyň döwletara edaralarynyň, arkalaşygyň ýurtlarynyň hünär ugurly edaralarynyň wekilleriniň gartnaşyk edýän esasy çäresine öwrüldi.

Özbek duşuşygynyň temasy – “Ynsanperwer hyzmatdaşlyk – otuz ýylyň tejribesi we ösüşiň geljegi” baradaky meseledir. Şeýle hem bu ýerde birnäçe medeni çäreler – “Arkalaşygyň adamlary” atly täsin sergi, “Arkalaşygyň ýyldyzlary” döwletra sylagynyň “Debýutlaryň hyzmatdaşlygy” diýen Halkara sylagynyň gowşurylyş dabaralary geçiriler.

Forumyň delegatlary “Arkalaşygyň ýurtlarynyň medeni mirasy”, “GDA ýurtlarynyň ylym-bilim jemgyýetçiligi”, “GDA-nyň iň täze medeni kody: hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary”, “Arkalaşygyň ýurtlarynyň edebiýaty – ýakynlaşmagyň täze gurallary”, “Arkalaşygyň ýurtlarynyň ýaşlarynyň hyzmatdaşlygy” diýen meseleler we beýlekiler boýunça ara alyp maslahatlaşmalara gatnaşarlar.

Daşkent forumynyň çäklerinde ynsdanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiň bilelikdäki mejlisi hem geçiriler, duşuşygyň netijeleri boýunça jemleýji kararnama kabul ediler. Elbetde, GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň däp bolan konserti hem geçiriler, onuň düzüminde türkmen sazandalary hem çykyş ederler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026