HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan sanly gümrük hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrýar

Dekabr 06, 2022 | 20:08 |7719
Türkmenistanda gümrük resminamalaryny elektron usulda resmileşdirmek we gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly gümrük amallaryny we elektron hyzmatlaryny has-da ýokarlandyrmak boýunça okuw sapagy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär.Türkmenistanda gümrük resminamalaryny elektron usulda resmileşdirmek we gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly gümrük amallaryny we elektron hyzmatlaryny has-da ýokarlandyrmak boýunça okuw sapagy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär.
Çeşme:

Türkmenistanda gümrük resminamalaryny elektron usulda resmileşdirmek we gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly gümrük amallaryny we elektron hyzmatlaryny has-da ýokarlandyrmak boýunça okuw sapagy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär.

Okuw sapagyna gatnaşmaga Türkmenistanyň paýtagtyna Latwiýadan hünärmenler topary hem çagyryldy, daşary ýurtly kärdeşler Türkmenistanyň gümrük gullugynyň işleriniň sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilişine ýokary baha berdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar bilen birlikde Latwiýanyň hünärmenleri gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek, döwlet edaralary tarapyndan elektron rugsatnamalary we beýleki resminamalary resmileşdirmek boýunça iň oňat tejribeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

«Eksport-import amallary üçin bir penjire» atly ulgamyň ähmiýeti barada nygtaldy. Onuň ulanylmagy, halkara söwda işleriniň amala aşyrylyşyny ýeňilleşdirmek üçin täsirli guraldyr we hususy ulgamyň wekillerine eksport, import we üstaşyr amallary ýerine ýetirilende çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berýär.

Bu okuw sapagy Ýewropa Birleşiginiň howandarlygynda Merkezi Aziýada Serhet Dolandyryşyna Kömek Maksatnamasynyň (BOMCA 10) çäklerinde gurnaldy.

ORIENT news
Surat: customs.gov.tm

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026