Aşgabatda elektron söwda arkaly işewürligiň mümkinçiligini ýokarlandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy


Ýewropanyň ösüş we täzeleniş bankynyň (EBRD) howandarlygynda Aşgabatda kiçi we orta kärhanalaryň öndürijilik kuwwatyny ýokarlandyrmakda elektron söwdanyň mümkinçiliklerine bagyşlanyp duşuşyk geçirildi. Bu barada ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Okuw sapagy Ýewropa Birleşiginiň goldawy bilen «Kiçi telekeçilik üçin geňeşmeler» atly maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi we bu maslahatyň örän wajypdygyny nygtaýan ýurduň hususy böleginiň elliden gowrak wekilini bir platformada jemledi.
Duşuşygyň açylyşynda ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisiniň şahsy kömekçisi Laura Berzina: «Biz telekeçileriň öz işleriniň sanly ulgama geçmeklerinetüýs ýürekden gyzyklanma bildirýändiklerini görýäris. Biz bu okuw seminaryň azyk we gündelik sarp edilýän önümleri öndürijileri, olary paýlaýjy kompaniýalary we bazarlaryň eýeleri üçin has peýdaly boljakdygynaumyt edýäris» - diýip, nygtady.
Ýewropanyň ösüş we täzeleniş bankynyň bölek satuw söwdasy boýunça halkara bilermenleri bilen taslamanyň utgaşdyryjysy Emil Stefanow okuw sapagynda tälimçi hökmünde çykyş etdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar özara tejribe alyşdylar, kiçi we orta telekeçiler üçin häzirki kynçylyklary ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem elektron söwdanyň dürli görnüşli kärhanalar üçin esasy bähbitleri barada pikir alyşdylar.
Duşuşykda 2020-nji ýyldan bäri Türkmenistanda elektron söwda pudagyndaky taslamalaryň sanynyň birnäçe esse köpelendigi bellenildi. Bütin dünýäde onlaýn satuwlar 2021-nji ýylda 44% ýokarlandy. 2023-nji ýyla çenli ähli satyn alyşlaryň 22 göteriminiň elektron görnüşde boljakdygy çaklanylýar.
Halkara bilermen Ýewropanyň ösüş we täzeleniş bankynyň elektron söwda pudagynda kiçi we orta kärhanalara döredýän mümkinçilikleri barada gürrüň berdi. Olaryň arasynda ýerli we eksport satuw usullaryny giňeltmek, araçylary aradan aýyrmak arkaly paýlaýyş usullaryny ösdürmek, üpjünçilik zynjyrynda önümiň tanalmagyny gowulandyrmak we ş.m. bar.
ORIENT news
Surat: redaksiýanyň arhiwinden








