HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Arkalaşygyň ýurtlarynyň ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan "GDA-nyň Hukuk namalarynyň we beýleki resminamalarynyň bitewi sanawy" atly maglumat banky açyldy

Dekabr 06, 2022 | 03:52 |7998
GDA-nyň ýerine ýetiriji komiteti ykjam enjamlar üçin "GDA-nyň Hukuk namalarynyň we beýleki resminamalarynyň bitewi sanawy" maglumat banky goşundysyny işe girizdi.   Programma üpjünçiligi "GDA-nyň sanawy" diýlip, atlandyrylýar. ОС Android ulanyjylar goşundynyň häzirki wersiýasyny resmi Google Play programma dükanyndan ýükläp alyp bilerler – diýlip, ýetiriji komitetiň saýtynda ýerleşdirilen habarda bellenýär.GDA-nyň ýerine ýetiriji komiteti ykjam enjamlar üçin "GDA-nyň Hukuk namalarynyň we beýleki resminamalarynyň bitewi sanawy" maglumat banky goşundysyny işe girizdi.   Programma üpjünçiligi "GDA-nyň sanawy" diýlip, atlandyrylýar. ОС Android ulanyjylar goşundynyň häzirki wersiýasyny resmi Google Play programma dükanyndan ýükläp alyp bilerler – diýlip, ýetiriji komitetiň saýtynda ýerleşdirilen habarda bellenýär.
Çeşme:

GDA-nyň ýerine ýetiriji komiteti ykjam enjamlar üçin "GDA-nyň Hukuk namalarynyň we beýleki resminamalarynyň bitewi sanawy" maglumat banky goşundysyny işe girizdi. Programma üpjünçiligi "GDA-nyň sanawy" diýlip, atlandyrylýar. ОС Android ulanyjylar goşundynyň häzirki wersiýasyny resmi Google Play programma dükanyndan ýükläp alyp bilerler – diýlip, ýetiriji komitetiň saýtynda ýerleşdirilen habarda bellenýär.

Döwrebaplaşdyrylan ulgam resminamalary teksti boýunça çalt gözläp tapmaga, jikme-jik seljermäge, statistiki hasabatlary özbaşdak ýöretmäge, şeýle hem halkara şertnamalaryň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegine jogapkär ygtyýarly edaralara degişli depozitariýadan maglumat almaga mümkinçilik berýär.

Häzirlikçe goşundy synag tertibinde işleýär we geljekde teklipleri göz öňünde tutmak bilen has-da kämilleşdiriler. Işläp düzüjileriň pikiriçe, "Bitewi sanaw" zerur namalary gözläp tapmagy ýönekeýleşdirer, şeýle-de GDA-nyň çäklerinde işleri has gowy guramaga ýardam berer. Mundan başga-da, Maglumat bankyna elýeterli giriş GDA agza ýurtlaryň we daşary ýurtlaryň raýatlarynyň Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň işleri barada habarlylygyny ýokarlandyrmaga kömek eder.

"Bitewi sanaw" maglumat banky taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy şu ýylyň tomsunda GDA-nyň Minskdäki ştab-kwartirasynda geçirildi. Ulgamy işläp düzmäge 2004-nji ýylda başlanyldy. Habarda: “Goşundyda dürli ýyllarda kabul edilen resminamalar tertipleşdirilen görnüşde ýerleşdirilendir” - diýilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

19:00 Sentýabr 21, 2026
AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

17:00 Sentýabr 21, 2026
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026