HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlaryny ara alyp maslahatlaşýan Er-Riýaddaky forumyna Türkmenistan hem gatnaşýar

Dekabr 05, 2022 | 03:50 |6602
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi (AOG) ýekşenbe güni Er-Riýadda AOG/Olimpiýa raýdaşlygy sebit forumynda yklymyň bäş zolagyndan Milli Olimpiýa komitetleriniň (MOK) 44-üsini jemledi. Türkmenistanyň hem Milli olimpiýa komitetiniň wekiliniň gatnaşýan bu çäresi 7-nji dekabra çenli dowam eder.Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi (AOG) ýekşenbe güni Er-Riýadda AOG/Olimpiýa raýdaşlygy sebit forumynda yklymyň bäş zolagyndan Milli Olimpiýa komitetleriniň (MOK) 44-üsini jemledi. Türkmenistanyň hem Milli olimpiýa komitetiniň wekiliniň gatnaşýan bu çäresi 7-nji dekabra çenli dowam eder.
Çeşme:

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi (AOG) ýekşenbe güni Er-Riýadda AOG/Olimpiýa raýdaşlygy sebit forumynda yklymyň bäş zolagyndan Milli Olimpiýa komitetleriniň (MOK) 44-üsini jemledi. Türkmenistanyň hem Milli olimpiýa komitetiniň wekiliniň gatnaşýan bu çäresi 7-nji dekabra çenli dowam eder.

2 (1).jpg

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) Aziýa oýunlary müdirliginiň baştutany Haýder Farmanyň sözlerine görä, dört gün dowam etjek maslahat MOK-niň wekilleri üçin özara gyzyklanýan meseleleri, hususan-da 2023-nji ýylda AOG-niň iki sany multisport oýunlaryna – 23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçiriljek 19-njy Aziýa oýunlaryna we 17-nji noýabrdan 26-njy noýabr aralygynda Bangkokda we Taýlandyň Çonburi welaýatynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VI Aziýa oýunlaryna (AIMAG) görülýän taýýarlyk işleri barada pikir alyşmaga ajaýyp meýdança bolup hyzmat eder.

Şeýle hem, forum Aziýanyň Tokioda tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek hormatyna eýe bolandygyny göz öňünde tutup, 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk meselelerinde hem ýardamçy bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Pekinde “Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026” atly halkara tomusky merkezler öz işine başlady

Pekinde “Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026” atly halkara tomusky merkezler öz işine başlady

20:20 Iýul 27, 2026
Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

20:15 Iýul 27, 2026
Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar

Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar

20:10 Iýul 27, 2026