Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy hemmeleri «Bütindünýä türk kofesiniň güni» mynasybetli kofe içmäge çagyrýar


Bütindünýä türk kofesiniň güni dünýäde iň meşhur içgini taýýarlamagyň iň gadymy usulynyň hormatyna bellenilýär. Türkler bu usuly XVI asyrda döredipdirler. Häzirki wagtda 500 ýyllyk taryhy we baý däp-dessurlary bolan türk kofesiniň durmuşymyzda özboluşly orny bar.
2013-nji ýylda Türkiýäniň başlangyjy bilen türk kofesi ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi we 5-nji dekabry «Bütindünýä türk kofesiniň güni» diýlip yglan edildi. 5-nji dekabrda duşenbe güni sagat 12:00-dan 13:00-a çenli bu möhüm sene mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde türk kofesi hödürlenilýär. Salgysy: Görogly köçesiniň 59-njy binasy.
4-nji dekabrda dynç güni, Aşgabadyň halkara mekdebinde Türkiýäniň ilçihanasy tarapyndan gurnalan «Gyşky bazar» çäresinde hem Türk stolunda myhmanlara türk kofesi hödürlendi.
Türk kofesiniň aýratynlygynyň syry näme
Türk kofesi özboluşly güýçli ysyndan başga-da, ýörite taýýarlanyş we hödürleniş usuly bilen tapawutlanýar. Bişen we inçe ýer kofe noýbasy, isleýşiňiz ýaly şekerli ýa-da şekersiz görnüşde jezwede (uzyn tutawaçly kiçijik kofe küýzesinde) demlenýär.
Türk kofesi suw bilen birlikde kiçiräk käselerde süzülmedik görnüşde hödürlenilýär. Kofeniň ýüzünde köpükleri näçe köp bolsa, şonça-da tagamly hasaplanýar. Türk kofesini şekersiz içmek beýleki kofe görnüşlerine garanyňda has sagdyn içgidir, sebäbi ol güýçli antioksidantdyr. Kofe bilen kiçiräk konditer önümini ýa-da adatça lukum iýmek türk lezzetiniň aýratynlyklarynyň biridir.
Beýleki bir aýrylmaz däpleriniň biri bolsa, kofeni içeniňizden soň, käsäniň düýbünde galan kofe çökündisi arkaly geljegi çaklamak usulydyr. Kofe çökündisi arkaly geljegi çaklamak usuly, türk kofesiniň däp-dessurynyň aýrylmaz bölegi we ýakymly söhbetdeşlikler üçin ajaýyp pursat bolup durýar.
Türk kofesiniň ýene-de bir özboluşly taraplarynyň biri ol adamlaryň arasyndaky baglanyşygy güýçlendirýän we dostlugy pugtalandyrýan möhüm serişdedir. Türkiýede giňden ýaýran şeýle jümle bar: «Bir käse türk kofesiniň 40 ýyllyk ýatlamasy bar». Türk kofesi dostlugyň we myhmansöýerligiň aýdyň nyşanydyr.
ORIENT news
Surat Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan berildi








