HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Kazan şäherinde ÝUNESKO-nyň ýubileý forumyna gatnaşar

Dekabr 04, 2022 | 06:27 |6586
Bütindünýä mirasy goramak baradaky Konwensiýanyň uly şanly senesine bagyşlanan ÝUNESKO-nyň halkara forumy 4-9-njy dekabrda Kazan şäherinde geçiriler. 50 ýyl mundan ozal – 1972-nji ýylda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda iň netijeli hem-de giňden ykrar edilýän halkara namalarynyň biri işlenilip taýýarlanyldy we kabul edildi.Bütindünýä mirasy goramak baradaky Konwensiýanyň uly şanly senesine bagyşlanan ÝUNESKO-nyň halkara forumy 4-9-njy dekabrda Kazan şäherinde geçiriler. 50 ýyl mundan ozal – 1972-nji ýylda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda iň netijeli hem-de giňden ykrar edilýän halkara namalarynyň biri işlenilip taýýarlanyldy we kabul edildi.
Çeşme:

Bütindünýä mirasy goramak baradaky Konwensiýanyň uly şanly senesine bagyşlanan ÝUNESKO-nyň halkara forumy 4-9-njy dekabrda Kazan şäherinde geçiriler. 50 ýyl mundan ozal – 1972-nji ýylda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda iň netijeli hem-de giňden ykrar edilýän halkara namalarynyň biri işlenilip taýýarlanyldy we kabul edildi.

Maslahat Russiýadan hem-de GDA, Aziýa, Afrika we Latyn Amerikasy ýurtlaryndan 1000-e golaý adamy bir ýere jemlär, degişli ministrler, bütindünýä mirasynyň desgalaryny dolandyryjylar, hökümete degişli bolmadyk, bilermenler we ýaşlar guramalarynyň wekilleri gelerler diýip, guramaçylar habar berýär.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Medeniýet ministrliginiň maddy däl medeni miras müdürliginiň ýolbaşçysy hem-de ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri girdiler.

Kazanda halkara forumyna Ýewraziýa halkarynyň Assambleýasy hem işjeň gatnaşýar. Meýilleşdirilen çäreleriň birnäçesi bu halkara guramanyň goldaw bermeginde geçiriler. Kazan we Sankt-Peterburg şäherleriniň medeni meýdançalary we bilim merkezleri bolsa dürli meselelere bagyşlanan maslahatlaryň hem-de duşuşyklaryň, şeýle hem umumy mejlisleriň geçiriljek ýerine öwrüler. Forumyň wakalary “Medeniýetara dialogy bütindünýä mirasyny gorap saklamagyň zerurlygy hökmünde” diýen şygar astynda geçer.

Kazanyň şäher hakimliginde forumyň çäklerinde GDA gatnaşyjy döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli toparlarynyň jogapkär sekretarlarynyň duşuşygy, şeýle hem DIM-iň ugurdaş düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda ÝUNESKO-nyň çäklerinde köptaraplaýyn gatnaşyklar hakynda daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçiriler diýlip, forumyň guramaçylarynyň habarynda aýdylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

13:53 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

13:45 Iýun 18, 2026
Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

12:55 Iýun 18, 2026