HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Saud Arabystany zenanlaryň arasynda futbol boýunça Aziýanyň Kubogyny geçirmäge arza berdi

Dekabr 05, 2022 | 04:38 |7713
Saud Arabystany Aziýanyň futbol konfederasiýasyna (AFK) zenanlaryň arasynda  2026-njy ýylda Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşy geçirmäge resmi taýdan arza berdi.Saud Arabystany Aziýanyň futbol konfederasiýasyna (AFK) zenanlaryň arasynda  2026-njy ýylda Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşy geçirmäge resmi taýdan arza berdi.
Çeşme:

Saud Arabystany Aziýanyň futbol konfederasiýasyna (AFK) zenanlaryň arasynda 2026-njy ýylda Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşy geçirmäge resmi taýdan arza berdi.

Düzüminde zenanlaryň ýygyndy toparynyň baş tälimçisiniň kömekçisi Dona Rajab, oýunçy Ragada Helmi we ýaş futbolçy gyz Mariýa Baghaffar bolan Saud Arabystanynyň Futbol Federasiýasynyň (SAFF) wekiliýeti resminamalary bermek üçin AFC-niň Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda ýerleşen baş edarasyna ugrady.

Saud Arabystanynyň Futbol Federasiýasynyň Direktorlar Geňeşiniň prezidenti Ýasir Al Mişel patyşalygyň bu uly ajaýyp wakany özünde geçirmegi maksat edinýändigini tasyklady hem-de munuň ýurtda we sebitde zenan futboly üçin täze gözýetimleri açýandygyna ynam bildirdi.

Saud Arabystanynyň Futbol Federasiýasynyň resminamasy sebit we halkara sport çärelerine goşmaça hökmünde çempionatyň talaplaryny, şertlerini we ugurlaryny özünde jemleýär, şolary patyşalyk soňky birnäçe ýylda kabul etdi.

Ýaryşy geçirmäge hukuk almaga diňe Saud Arabystany dalaşgärlik etmeýär. Resminamalar şeýle hem Iordaniýa, Awstraliýa we Özbegistan tarapyndan berilmelidir. Şoňa görä-de, Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň çözgüdi kabul edip, ýaryşyň eýesi boljak ýurdy öňümizdäki 2023-nji ýylda yglan etmegine garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026
Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

20:00 Oktýabr 12, 2026
Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

18:00 Oktýabr 12, 2026