HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Bitaraplyk gününe bagyşlanan çagalar bäsleşigi geçirildi

Dekabr 04, 2022 | 02:20 |7573
Reňklere baý suratlar we kartinalar, kartondan, fanerden, agaçdan ýasalan dürli maketler, şeýle hem Türkmenistan hakynda gürrüň berýän düzmeler “Dünýä: çagalarymyzyň sesi” bäsleşiginde eminler toparyna hödürlendi. Bu ýerde 4-11-nji synplarda okaýan okuwçylaryň jemi 150-den gowrak eserleri görkezildi.Reňklere baý suratlar we kartinalar, kartondan, fanerden, agaçdan ýasalan dürli maketler, şeýle hem Türkmenistan hakynda gürrüň berýän düzmeler “Dünýä: çagalarymyzyň sesi” bäsleşiginde eminler toparyna hödürlendi. Bu ýerde 4-11-nji synplarda okaýan okuwçylaryň jemi 150-den gowrak eserleri görkezildi.
Çeşme:

Reňklere baý suratlar we kartinalar, kartondan, fanerden, agaçdan ýasalan dürli maketler, şeýle hem Türkmenistan hakynda gürrüň berýän düzmeler “Dünýä: çagalarymyzyň sesi” bäsleşiginde eminler toparyna hödürlendi. Bu ýerde 4-11-nji synplarda okaýan okuwçylaryň jemi 150-den gowrak eserleri görkezildi.

Çagalaryň arasyndaky döredijilik bäsleşigi ýurdumyzda 12-nji dekabrda bellenilýän Bitaraplyk gününe bagyşlanýar. Ýeňijiler üç kategoriýa boýunça kesgitlenildi: iň gowy düzme, iň gowy çyzgy we iň gowy maket. Gatnaşanlaryň her biri öz “eserleri” arkaly watana bolan söýgüsini beýan etdi. Olara şahadatnamalar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle ýaryşlar zehinli ýaşlary ýüze çykarýar. Ýeňijileriň eserleri "Güneş" çagalar žurnalynda çap ediler.

Bäsleşik Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we “Güneş” žurnalynyň redaktorlary tarapyndan gurnaldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026