NASA-nyň Aýa uçuşynyň birinji tapgyry tamamlanýar


Artemis I missiýasynyň bir bölegi hökmünde kosmosa uçurylan «Orion» arş gämisi Aýyň ýanyndan soňky gezek uçuşyny amala aşyryp, Ýere gaýdyp geler. Bu barada CNN habar berýär.
Artemis I – bu 1972-nji ýyldan bäri ilkinji gezek adamlary Aýa eltmegi meýilleşdirýän NASA-nyň Aý missiýasynyň ilkinji taýýarlyk tapgyry diýip atlandyryp bolar.
Duşenbe güni arş gämisi Aýdan 128,7 km belentlikde uçup, soňra Ýere tarap yzyna dolanyp geler. Alymlar gäminiň Aýyň töwereginde ýene bir gezek aýlanmagyna garaşýarlar.
Aýa uçmak missiýasy garaşylan oňyn netijeleri bermegi başardy, emma «Orion» arş gämisiniň älem giňişliginde galmagynda hemişe töwekgelçilik bar diýip, Artemis I missiýasynyň ýolbaşçysy Maýkl Sarafin nygtaýar.
«Arş gämisiniň Ýeriň atmosferasyna girmegi uçuşyň iň güýçli we howply tapgyrlaryndan biri bolar» – diýip, Maýkl Sarafin aýratyn belläp geçdi. Arş gämisi 11-nji dekabrda San-Diegonyň golaýyndaky Ýuwaş ummanyna gonar. Bu bolsa Artemis I-iň 16-njy noýabrda başlanan taryhy missiýasynyň tamamlaýandygyny şaýatlyk edýär.
Eger-de «Artemis I» missiýasy üstünlikli ýerine ýetirildi diýip tassyklanylsa, onda NASA 2024-nji ýyldan başlap, Artemis II-ni we 2025-nji ýylda Artemis III-i işe girizer. Üçünji missiýanyň çäginde astronawtlaryň Aýa gonmagyna garaşylýar.
Baglanyşykly okaň:
ORIENT news
Surat: esa.int








