GDA ýurtlary senagatdaky hyzmatdaşlygy berkitmek barada ylalaşdylar


Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary ýokary tehnologiýaly pudaklary ösdürmek, senagat önümçiligini döwrebaplaşdyrmagy çaltlaşdyrmak, bäsdeşlige ukyply, innowasiýa we ylmy barlaglary talap edýän önümleriň eksportyny ýokarlandyrmak babatynda bilelikde işleşmek barada ylalaşdylar.
Bu barada Arkalaşygyň agza döwletleriniň Ösüş konsepsiýasy we senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilmeli çäreler kabul edilen, GDA ýurtlarynyň Ykdysady Geňeşiniň 96-njy mejlisiniň netijelerinden soň guramanyň metbugat gullugy habar berdi.
Şeýle hem çäräniň dowamynda düzümiň agza ýurtlarynyň wekilleri birnäçe beýleki resminamalary, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň arasynda telekommunikasiýa ulgamlarynda kezzaplyklara (galplyklara) garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatynda Ähtnamanyň taslamasyna garadylar. Onuň kabul edilmegi maglumat giňişliginde göreşmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Mundan başga-da, taraplar kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we ýurtlaryň arasyndaky ykdysady päsgelçilikleri ýeňip geçmegiň ýollaryny gözlemek barada ylalaşdylar.
GDA-nyň mejlisinde ýurdumyzyň hökümetinde ykdysadyýet we maliýe meselelerine jogapkär wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistandan wekilçilik etdi.
ORIENT news
Surat: e-cis.info








