Türkmenistanda lukmanlaryň jemgyýetçilik guramasy dörediler


Türkmenistanyň lukmançylyk pudagyndaky hünärmenler lukmanlaryň jemgyýetçilik guramasyny döreder. Bu barada anna güni Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hökümetiň saglygy goraýyş pudagyna jogapkär wise-premýer Nurmuhammet Amannepesow mälim etdi – diýip, TDH agentligi habar berýär.
Guramanyň işi milli saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegini we dünýä standartlaryna laýyklykda lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyny üpjün eder.
Bu gurama raýatlaryň saglygynyň goralmagyny, lukmançylyk pudagynda tejribe alyşmagyny we kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda dörediler.
ORIENT news
Surat:








