Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen agyr atletikaçylary Türkiýede geçirilen halkara ýaryşyň ýeňijileri boldular

Dekabr 05, 2022 | 22:32 |6200
Türkmenistanly agyr atletikaçylar Ankarada tamamlanan köp sanly dünýä, Ýewropa we Olimpiýa oýunlarynyň çempiony Naim Süleýmanoglunyň hatyrasyna geçirilen halkara ýaryşda 8 medal gazandylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi ýazýar.Türkmenistanly agyr atletikaçylar Ankarada tamamlanan köp sanly dünýä, Ýewropa we Olimpiýa oýunlarynyň çempiony Naim Süleýmanoglunyň hatyrasyna geçirilen halkara ýaryşda 8 medal gazandylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi ýazýar.
Çeşme:

Türkmenistanly agyr atletikaçylar Ankarada tamamlanan köp sanly dünýä, Ýewropa we Olimpiýa oýunlarynyň çempiony Naim Süleýmanoglunyň hatyrasyna geçirilen halkara ýaryşda 8 medal gazandylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi ýazýar.

55 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşen Ogulgerek Amanowa türkmen toparynyň hazynasyna silkip galdyrmakda, itekläp galdyrmakda we ikileýin görnüşinde üç kümüş medalyny getirdi. Ikileýin görnüşiň jeminde Ogulgerek 155 kg göterdi.

Ýene üç – bir kümüş we iki bürünç medala Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Atajan Daýyýew mynasyp boldy. 109 kilogramdan ýokary bolan agram derejesinde çykyş eden türkmen pälwany 156 kg agyrlygy silkip galdyrmagy başardy we ikinji netijäni, itekläp galdyrmakda 190 kg agramda üçünji netijäni görkezdi. Netijede, ikileýin görnüşde 346 kg toplap, Atajan ýaryşda ikinji boldy.

Iki bürünç medaly – itekläp galdyrmakda (149 kg) we iki görnüş boýunça (274 kg) Hydyrberdi Ýagmyrow gazandy. Ol 67 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi.

Bu ýaryşa Fransiýa, Azerbaýjan, Özbegistan, Sloweniýa, Ispaniýa we beýleki ýurtlardan gelen türgenler gatnaşdy.

Naim Süleýmanoglu agyr atletikanyň ady rowaýata öwrülen türgeni hasaplanýar. Ol özüniň sportda çykyş eden döwründe dünýä rekordynyň 46-syny goýdy.

ORIENT news
Surat: tdh.gov.tm

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Pekinde “Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026” atly halkara tomusky merkezler öz işine başlady

Pekinde “Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026” atly halkara tomusky merkezler öz işine başlady

20:20 Iýul 27, 2026
Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

20:15 Iýul 27, 2026
Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar

Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar

20:10 Iýul 27, 2026