HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda IT adalgalaryň ilkinji elektron sözlügi işläp başlady

Dekabr 04, 2022 | 16:56 |9307
Türkmenistanda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary pudagynda ilkinji ykjam goşundy sözlügi – IT sözlük elýeterli boldy.Türkmenistanda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary pudagynda ilkinji ykjam goşundy sözlügi – IT sözlük elýeterli boldy.
Çeşme:

Türkmenistanda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary pudagynda ilkinji ykjam goşundy sözlügi – IT sözlük elýeterli boldy.

Sözlük, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň netijesinde üç dilde döredilip, IT hünärmenleri üçin niýetlenendir. Ýükläp almak üçinol App Store we Google Playplatformalarda elýeterlidir.

Sözlük, gysga we elýeterli görnüşde beýan edilen IT pudagynyň esasy adalgalaryny öz içine alýar. Ol aragatnaşyk we maglumat ulgamynyň hünärmenleri, ylmy işgärler, terjimeçiler, mugallymlar we talyplar üçin niýetlenendir.

Geljekde Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasy goşundyny yzygiderli täze adalgalar we kesgitlemeler bilen doldurmagy, şeýle hem ykdysadyýet we ekologiýa pudagyndaky adalgalarbilen giňeltmegi maksat edinýär.

IT sözlügini döretmegiň zerurlygy ilki bilen ýurdumyzda aragatnaşyk, kompýuter we maglumat tehnologiýalary pudagynda ýöriteleşen adamlaryň sanynyň köpelmegi hem-de Türkmenistanyň sanly ykdysadyýete geçmek tagallalary bilen baglanyşyklydy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň USAID bilen hyzmatdaşlygy sanly çözgütleriň girizilmegine we ýurdumyzyň döwlet edaralarynda sanly ulgamlary ösdürmek üçin hünärmenleriň mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam edýär.

ORIENT news
Surat: mirea.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

07:45 Iýul 26, 2026
Stambulda 60-njy Halkara IJS zergärçilik sergisi geçiriler

Stambulda 60-njy Halkara IJS zergärçilik sergisi geçiriler

23:55 Iýul 24, 2026
Antalýada 25-nji Growtech halkara oba hojalyk sergisi geçiriler

Antalýada 25-nji Growtech halkara oba hojalyk sergisi geçiriler

23:46 Iýul 24, 2026