Türkmenistan halkara gatnawlarynda Konteýner otlulary hakynda ylalaşyga goşular


Türkmenistan halkara gatnawlarynda konteýnerli otlularyň düzüminde konteýnerleri daşamak hakynda ylalaşyga goşulmagy maksat edinýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berdi.
Onuň sözlerine görä, “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan onuň düzümleýin bölüminiň – “Demir ýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistanyň üstünden geçýän halkara ulag geçelgelerini ösdürmek, ýurduň çäklerinden konteýnerleriň daşalyşynyň möçberini artdyrmak, şeýle hem has oňaýly nyrhlary we logistika ulgamlaryny döretmek maksady bilen, ýokarda agzalan ylalaşyga goşulmagyň mümkinçilikleri öwrenildi.
Demir ýollary hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde kabul edilen agzalan ylalaşyk 2022-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky ýagdaýa görä girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar nazara alnyp, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri hereket edýär.
ORIENT news








