HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kazanda yslamyň ölçegleri we şerigatyň kadalary boýunça RF-de ilkinji bank açyldy

Dekabr 04, 2022 | 07:44 |5280
Russiýada yslam bank ölçegleri boýunça Sberbankyň ilkinji edarasy 1-nji dekabrda Tatarystanyň Kazan şäherinde açyldy. Bu ýerde respublikanyň musulmanlary şerigatyň kadalaryna hem-de RF-niň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelýän bank hyzmatlaryny alyp bilerler diýip, RT habarlar agentligi habar berýär.Russiýada yslam bank ölçegleri boýunça Sberbankyň ilkinji edarasy 1-nji dekabrda Tatarystanyň Kazan şäherinde açyldy. Bu ýerde respublikanyň musulmanlary şerigatyň kadalaryna hem-de RF-niň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelýän bank hyzmatlaryny alyp bilerler diýip, RT habarlar agentligi habar berýär.
Çeşme:

Russiýada yslam bank ölçegleri boýunça Sberbankyň ilkinji edarasy 1-nji dekabrda Tatarystanyň Kazan şäherinde açyldy. Bu ýerde respublikanyň musulmanlary şerigatyň kadalaryna hem-de RF-niň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelýän bank hyzmatlaryny alyp bilerler diýip, RT habarlar agentligi habar berýär.

Täze edara aýry-aýry hem-de bilelikdäki müşderilere hyzmat eder. Olar hyzmatdaşlyk taýdan maliýeleşdirmegiň dürli gurallaryny: halal maýa goýum gurallaryny, mudarabadan (bu aktiwleriň ynandyryjylykly dolandyrylmagy), ijaradan (lizing diýmegi aňladýar) peýdalanyp bilerler. Yslamyň maliýe adalgalary köpler üçin nätanyş bolup biler, ýöne olar bank hyzmatlarynyň mazmunyny üýtgetmeýär. Bu ýere gelýänler, şeýle hem, söwda maliýeleşdirmesini, bank kepilliklerini, töleg we gündeki hasaplary hem-de hyzmatyň beýleki görnüşlerini peýdalanyp bilerler.
1.jpg Zalyň içinde “Russiýada Yslam muzeýi” diýen diwarlyk bar, bu ýerde myhmanlar Kazan şäheriniň taryhy bilen tanşyp biler hem-de ýöriteleşdirilen dükandan sowgatlyk şaý pullaryny we Sberiň nyşany şekillendirilen beýleki önümleri satyn alyp bilerler.

2.jpg Bölümiň ugurdaş hyzmatlarynyň hatarynda kofeleriň we çaýlaryň 20-den gowrak görnüşlerini hem-de mukaddes “Zem-Zem” çeşmesiniň suwy hödürlenilýän ýer bar. 3.jpg Tatarystan Respublikasynyň baştutany Rustam Minnihanowyň belleýşi ýaly, täze edara respublikanyň musulmanlaryna Russiýanyň kanunçylygynyň talaplaryna hem-de şerigatyň kanunlaryna laýyk gelýän bank hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler. Yslam maliýeleşdiriş ulgamy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry bolup, şeýle nusga maýalaryň we söwda meýdançalarynyň günbatar bazarlaryna bäsdeş hökmünde çykyş edip biler diýip, TR-niň prezidenti aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026