HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we BAE-niň nebite degişli bolmadyk söwdasynda ozalkylardakydan uly ösüş bellige alyndy we diplomatik kabul edişlikden fotosurat

Dekabr 04, 2022 | 07:28 |5173
Ýedi emirligiň jebisliginiň hormatyna baýram edilýän BAE-niň Milli gününiň 51 ýyllygy mynasybetli bu ýurduň Aşgabatdaky ilçihanasy dabaraly kabul edişlik gurady.Ýedi emirligiň jebisliginiň hormatyna baýram edilýän BAE-niň Milli gününiň 51 ýyllygy mynasybetli bu ýurduň Aşgabatdaky ilçihanasy dabaraly kabul edişlik gurady.
Çeşme:

Ýedi emirligiň jebisliginiň hormatyna baýram edilýän BAE-niň Milli gününiň 51 ýyllygy mynasybetli bu ýurduň Aşgabatdaky ilçihanasy dabaraly kabul edişlik gurady. 03122022atdayev1.jpg Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň hökümetiniň adyndan anna güni agşam gutlag sözi bilen wise-premýer Batyr Atdaýew çykyş etdi.

Ol BAE-niň durmuş-ykdysady ulgamda, döwlet gurluşyny pugtalandyrmakda, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda gazanan uly üstünlikleri üçin dünýäde giňden ykrar edilýändigini belledi. 3.jpg Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary özara düşünişmegiň we ýygjam hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Munuň şeýledigine iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ösüşi hem-de emirlikleriň maýadarlarynyň Türkmenistanda durmuşa geçirilýän birnäçe iri taslamalara gatnaşmagy şaýatlyk edýär. 4.jpg

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda (21-22-nji noýabr) bolan resmi sapary hem-de onuň çäklerinde geçirilen duşuşyklary we gepleşikler bellenilip geçildi, şolar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze tapgyrynyň esasyny goýdy. 5.jpg Häzirki wagtda Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşydyr, şu ýylyň dokuz aýynda nebite degişli bolmadyk ikitaraplaýyn söwdanyň möçberi ABŞ-nyň 653 million dollaryna ýetdi. Bu bolsa geçen ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende, ozalkylardan has ýokary 296% ýeten ösüş bolup durýar. Bu barada BAE-niň ilçisi Ahmed Al-Haý Al-Hameli aýtdy. 03122022atdayev4.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026