HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaponiýanyň premýer-ministri Dünýä çempionatynda milli ýygyndynyň Ispaniýadan üstün çykmagyny taryhy waka diýip atlandyrdy

Dekabr 03, 2022 | 18:07 |5863
Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kisida ýapon toparynyň Ispaniýadan üstün çykmagyny taryhy waka diýip atlandyrdy we duşuşygyň birinji ýarymynyň ortasyndan tomaşa edendigi barada aýtdy. Duşuşyk Tokio wagty bilen sagat 4-de başlandy.Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kisida ýapon toparynyň Ispaniýadan üstün çykmagyny taryhy waka diýip atlandyrdy we duşuşygyň birinji ýarymynyň ortasyndan tomaşa edendigi barada aýtdy. Duşuşyk Tokio wagty bilen sagat 4-de başlandy.
Çeşme:

Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kisida ýapon toparynyň Ispaniýadan üstün çykmagyny taryhy waka diýip atlandyrdy we duşuşygyň birinji ýarymynyň ortasyndan tomaşa edendigi barada aýtdy. Duşuşyk Tokio wagty bilen sagat 4-de başlandy.

Ýaponiýanyň milli futbol topary Katarda geçirilen dünýä çempionatynyň toparçasynyň üçünji tapgyrynda Ispaniýanyň futbol toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy.

«Men hem irden tomaşa edip başladym we bu taryhy ýeňişe çyn ýürekden begenýärin. Milli ýygyndymyň tälimçisi Moriýa jaň etdim, oňa begenjimi aýtdym we (milli ýygyndy) ýapon halkyna batyrlyk we güýç berendigi üçin minnetdarlyk bildirdim. Tälimçiniň we tutuş toparyň indiki oýunlarda hem tagallalaryny dowam etdirerler diýip umyt edýärin» - diýip, bu barada Kisidanyň diwanynda bolan brifinge salgylanyp, NHK teleýaýlymy habar berýär.

Ýaponiýa Germaniýanyň milli ýygyndysyny ýeňenden soň, Ispaniýa bilen oýnalan oýundan soň bu çempionatda ikinji ýeňşini gazanmagy başardy. Indiki oýun Ýaponiýanyň we Horwatiýanyň milli ýygyndylarynyň arasynda bolar.

Duşuşygyň geçirilen wagtyna garamazdan, Ýaponiýadaky telegörüjileriň 16,9% -i bu oýna tomaşa edipdirler. Oýnuň şanyna janköýerleriň köpüsi Tokiýanyň Sibuýa etrabyndaky meşhur X şekilli çatrygyny doldurdylar.

ORIENT news
Surat: sportmail.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

16:40 Iýun 18, 2026
Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

16:35 Iýun 18, 2026
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026