HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň hususy pudagy howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga goşulyşýar

Dekabr 04, 2022 | 17:02 |3840
Aşgabatda Türkmenistanyň hökümeti bilen hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça ilkinji çärýekleýin gepleşikler geçirildi.Aşgabatda Türkmenistanyň hökümeti bilen hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça ilkinji çärýekleýin gepleşikler geçirildi.
Çeşme:

Aşgabatda Türkmenistanyň hökümeti bilen hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça ilkinji çärýekleýin gepleşikler geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň suw serişdelerini durnukly dolandyrmak boýunça milli syýasaty, suw serişdelerini dolandyrmak meselelerini sanly ýer kadastryndahasaba almak, şeýle hem oba hojalyk meýdanlaryndauzakdan we spektral gözegçilik boýunça akademiki derňewler ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan hususy kompaniýalar bu ugurda öz tejribesini paýlaşdylar.

Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak gyzyklanýan taraplaryň köpüsiniň utgaşdyrylan hereketlerini talap edýär. Hususy pudagyň subýektleri innowasiýa ulgamynda öňdebaryjy bolup, köplenç milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işiniň aýrylmaz bölegi hökmünde garalýar.

Gender we durmuş deňsizliginiň öňüni almak milli uýgunlaşma işiniň möhüm bölegi bolup durýar. Şonuň üçin kärhanalara uýgunlaşma çäreleri işlenip düzülende gender taýdan duýgur çemeleşmäni ulanmak maslahat berilýär.

Duşuşyk, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan Ýaşyl Howa gaznasynyň (ÝHG) maliýe goldawy bilen durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işini ösdürmek» taslamasynyň çäklerinde gurnaldy.

ORIENT news
Surat Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan berildi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026