HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we ÝB ýaşlar syýasaty boýunça bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar

Dekabr 03, 2022 | 21:57 |3153
Ýaşlar syýasaty babatynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça meseleler Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonsonyň Balkan welaýatyna saparynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.Ýaşlar syýasaty babatynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça meseleler Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonsonyň Balkan welaýatyna saparynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme:

Ýaşlar syýasaty babatynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça meseleler Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonsonyň Balkan welaýatyna saparynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomat ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenbaşyda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri bilen duşuşdy. Türkmen tarapy ÝB bilen bilelikdäki taslamalara, hususan-da, ýaşlaryň arasynda söwda we ulag meselelerini öz içine alýan okuwlaryň geçirilmegine gyzyklanma bildirdi.

Şeýle hem ilçi Türkmenbaşydaky halkara deňiz portuna baryp gördi. Ol deňiz duralgasynyň gurluşy we işi bilen tanşyp, Ýewropa ýurtlary bilen aragatnaşyk saklamagyň mümkinçiliklerine garady.

Saparyň dowamynda Diego Ruiz Alonso welaýatyň häkimi, Türkmenbaşy we Balkanabat şäherleriniň häkimleri, telekeçiler we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri bilen resmi duşuşyklary geçirdi.

Mundan başga-da diplomat, ozal ýewropaly arheologlaryň gazuw-agtaryş işlerini alyp baran Balkan welaýatynyň taryhy we medeni ýadygärliklerine, mysal üçin, Türkmenistanyň günorta-günbataryndaky esasy orta asyr oazisleriniň biri hasaplanýan Dehistana barypgördi.

Türkmenistan bilen ÝB arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ilçiniň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynasaparlarynyň guralmagy meýilleşdirilýär.

ORIENT news
Surat: change.org

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026