HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary Meýletinçiler gününe bagyşlanan baýramçylyk sergisini gurnaýarlar

Dekabr 03, 2022 | 17:47 |4646
5-nji dekabrda Aşgabatda Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti, Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti we «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Halkara ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň hatyrasyna Meýletinçiler güni mynasybetli baýramçylyk çäresini geçirýär.5-nji dekabrda Aşgabatda Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti, Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti we «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Halkara ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň hatyrasyna Meýletinçiler güni mynasybetli baýramçylyk çäresini geçirýär.
Çeşme:

5-nji dekabrda Aşgabatda Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti, Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti we «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Halkara ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň hatyrasyna Meýletinçiler güni mynasybetli baýramçylyk çäresini geçirýär.

Myhmanlara çäräniň gyzykly hem şowhunly meýilnamasy garaşýar – onuň barşynda ýaryşlar, ussatlyk sapaklary geçiriler, meýletinçiligiň ähmiýetini aýdyňlaşdyrýan sosial wideoşekiller görkeziler. Şeýle hem ol ýerde ýarmarka geçirilmegi göz öňünde tutulýar, onda myhmanlar özlerine we ýakyn dogan-garyndaşlaryna özboluşly elde ýasalan zatlary satyn alyp bilerler.

Myhmanlaryň her biri «Çaga oýunjak beriň» atly haýyr-sahawat çäresine gatnaşyp, meýletinçi bolup biler.

Çäre «Watan» kinoteatrynyň zalynda 18:00-dan 20:30-e çenli geçiriler.

Goşmaça soraglar boýunça habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 61) 56-79-58.

Halkara meýletinçiler güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1985-nji ýylda döredildi. Ol meýletinçilere we dürli guramalara alyp barýan işleriniň wajyplygy hakda paýlaşmaga we özleri barada gürrüň bermäge mümkinçilik döredýär.

BMG-nyň Baş sekretary António Guterreş: «Her dürli we üýtgäp durýan görnüşlerde hereket edýän Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde meýletinçiligiňeýeleýän orny hökümetleriň we beýleki gatnaşyjylaryň güýçli goldawyna mynasypdyr» - diýip, belleýär.

Häzirki wagtda bu ugurda köp sanly guramalar hereket edýär, olara goşulyp, doly ýa-da boş wagtyňyzda bir ýa-da yzygiderli ýagdaýda, olaryň haýsy-da bolsa bir görnüş bilen meşgul bolup bilersiňiz. Şunda esasy zat bolsa — öwezine hiç zada garaşman, ýürekde adamlara kömek etmek islegiň bolmagydyr.

ORIENT news
Surat: Yandex

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026