Türkiýe Ýewropany türkmeniň tebigy gazy bilen üpjün etmek boýunça işleri geçirmegi yglan etdi


Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu Günorta-Gündogar Ýewropany Türkmenistandan we Azerbaýjandan gelýän tebigy gaz bilen üpjün etmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny mälim etdi. Bu barada Trend agentligi NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň netijelerine esaslanyp habar berýär
Duşuşykda Türkiýäniň daşary işler ministri: «Türkiýe bu [energiýa] çökgünligi çözmekde konstruktiw orna eýe bolan esasy ýurda öwrüldi. Günorta-Gündogar Ýewropa ýurtlaryny Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň tebigy gazy bilen üpjün etmek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar» - diýip, metbugat maslahatynda nygtady.
Şeýle hem daşary işler ministri häzirki tapgyrda duşuşyklar dürli görnüşlerde geçirilýändigini belläp, häzirki wagtda Ýewropanyň we bütin dünýäniň energiýa çökgünligine duçar bolandygyny aýratyn belledi.
ORIENT news
Surat: caliber.az








