HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň döwlet baştutanyny ýurduň Milli güni bilen gutlady

Dekabr 02, 2022 | 17:43 |4299
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň başlygy Klaus Werner Iohannisi we bütin rumyn halkyny Rumyniýanyň Milli güni bilen gutlady. Bu barada TDH agentligi habar berýär.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň başlygy Klaus Werner Iohannisi we bütin rumyn halkyny Rumyniýanyň Milli güni bilen gutlady. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
Çeşme:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň başlygy Klaus Werner Iohannisi we bütin rumyn halkyny Rumyniýanyň Milli güni bilen gutlady. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Türkmen lideri ýurduň prezidentine jan saglyk, bagt we abadançylyk, rumyn halkyna - parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüşi arzuw etdi.

Rumyniýanyň Milli güni 1918-nji ýyldan bäri her ýylyň 1-nji dekabrda bellenilip geçilýär. Hut şu gün Transilwaniýadan we Banatdan gelen rimlileriň wekilleri Rumyniýa Patyşalygy bilen birleşdiler. Bu taryhy waka häzirki Rumyniýanyň garaşsyz döwlet hökmünde kemala gelmeginde möhüm wakalaryň birine öwrüldi.

Däp bolşy ýaly, bu gün Rumyniýada harby ýöriş dabarasy geçirilýär, konsertler guralýar, şeýle hem görnükli syýasy işgärler ylham beriji çykyşlary geçirýärler.

Şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bellenildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi talyplary alyşmak boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinden Rumyniýanyň uniwersitetlerinde okamak üçin dalaş edýänleri saýlap almak bilen, olary yzygiderli okuwa ugradýar.

ORIENT news
Surat: inosmi.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026