Türkmenistanda «Ýylyň ykdysatçysy» bäsleşiginiň netijeleri jemlendi


Türkmenistanyň maliýe we ykdysady toplumynyň binasynda Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-deKärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi tarapyndan gurnalan «Ýylyň ykdysatçysy» atly ylmy makalalar bäsleşiginiň netijeleri jemlendi.
Bäsleşik ýylyň dowamynda ýurdumyzyň maliýe we bank ulgamynda, şeýle hem milli ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda işleýän we ýokary okuw jaýlarynda okaýanlaryň arasynda geçirildi.
Bäsleşigiň çäklerinde eminler 2022-nji ýylyň «Maliýe we ykdysadyýet» atly ylmy-amaly žurnalynda çap edilen ylmy makalalara baha berdiler. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşigiňtamamlanmagy mynasybetli ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.
Bäsleşikde birinji orna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Ygtyýarlandyrma we ygtyýarladyryş gözegçiligi müdirliginiň maliýe bazarlary we ätiýaçlandyryş bölüminiň başlygy Meýlis Döwletow mynasyp boldy.
Ikinji orny Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş Institutynyň magistranty MerjenAmanowa, üçünji ýeri bolsa, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak müdirliginiň Emläk gatnaşyklary we erkin ykdysady zolaklaryny düzgünleşdirmekbölüminiň baş hünärmeni Gurbanjahan Suhanowaeýelediler.
Parahat MERETLIÝEW
Surat Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berildi








