HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat we Wena söwda hem-de senagat boýunça gatnaşyklarynyň gün tertibine gaýtadan seretdiler

Dekabr 01, 2022 | 08:43 |13423
Çarşenbe güni Aşgabatda Söwda-ykdysady we senagat hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi, oňa gatnaşmaga Wenadan uly düzümli işewürler wekiliýeti geldi.Çarşenbe güni Aşgabatda Söwda-ykdysady we senagat hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi, oňa gatnaşmaga Wenadan uly düzümli işewürler wekiliýeti geldi.
Çeşme:

Çarşenbe güni Aşgabatda Söwda-ykdysady we senagat hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi, oňa gatnaşmaga Wenadan uly düzümli işewürler wekiliýeti geldi.

Işewür duşuşyk Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepowyň hem-de Awstriýanyň Sanlylaşdyrmak we ykdysadyýet federal ministrliginiň daşary ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça baş direktory Frans Wessigiň başlyklyk etmeklerinde geçdi.

2.jpg

Mejlisiiň birinji böleginde toparyň agzalary iki ýurduň ykdysadyýetindäki möhüm ýagdaýlara baha berdiler we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň jogapkär işgärleri tarapyndan beýan edilen hasaplamalara laýyklykda, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň öňe ilerledilmegini seljerdiler.

Türkmen-awstriýa ykdysady hyzmatdaşlygyndaky işleriň ýagdaýy ölçerilip-oýlanyşylyp seljerilenden soň, taraplar ýakyn geljek üçin öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga geçdiler. Giň gerimli şol wezipeleriň hatarynda gurluşyk we infrastruktura, energetika, “ýaşyl” tehnologiýalar, saglygy goraýyş we derman senagaty, maşyngurluşyk, ulag we logistika, obasenagat toplumy hem-de oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ýaly meseleler görkezildi.

3.jpg

Agzalan ugurlar boýunça türkmen edaralarynyň ýolbaşçy hünärmenleri hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine degişli bolan jikme-jik teklipler hem-de giňişleýin synlar bilen çykyş etdiler. Muňa olaryň awstriýaly kärdeşleri işjeň üns bermek hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge degişli öz teklipleri bilen jogap berdiler.

Bilelikdäki toparyň iki tarapynyň başlyklary beýan edilen teklipleri, netijeleri hem-de maksatlaýyn pikirleri umumylaşdyryp, duşuşygyň netijlerini jemlediler, ol bolsa mejlisiň beýannamasynda bellige alyndy.

4 Встреча ХХ с Rosenbauer International AG (1).jpg

Esasy iki çäreden – bilelikdäki toparyň mejlisinden we onuň öň ýanynda geçirilen işewürler forumyndan başga-da, Awstriýanyň işewürler düzüminden ybarat bolan wekiliýetiniň saparynyň maksatnamasyna anyk taslamalar boýunça köp sanly degişli duşuşyklaryň hem-de möhüm gepleşikleriň geçirilmegi hem girizildi.

Ine, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň wekilleri we türkmen paýtagtynyň baş binagäri bir korporasiýanyň kompaniýalarynyň – Waagner Biro steel and glass we Waagner Biro Austria Stage Systems kompaniýalarynyň ýolbaşçylary duşuşdylar. Bu kompaniýalar iri binagärlik hem-de inžener-tehnologik taslamalaryň durmuşa geçirilmegina gatnaşmagy bilen meşhurdyr.

Awstriýanyň wekiliýetiniň düzümine, şeýle hem Ykdysady palatanyň Federal palatasynyň wise-prezidenti Riçard Şens, Palatanyň daşary ykdysady departamentiniň marketing boýunça direktory Mihael Mýuller hem-de Awstriýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ykdysady meseleler boýunça attaşesi Mahal Klemens, Awstriýa-türkmen jemgyýetiniň başlygy Neda Berger girdiler.

5.jpg

Awstriýanyň ykdysady toparynyň işewürler jemgyýetçiligine AKRAS Flavours (azyk senagaty), AME International (saglygy goraýyş üçin sanly tehnologiýalar), AMST-Systemtechnik (awiýasiýa lukmançylygy we uçuş ekipažyny taýýarlamak babatda ylmy-barlag merkezi), Askin & Co (dünýäde we ýewroparada lukmançylyk enjamlaryny we derman serişdelerini öňdebaryjy öndürijileriň distribýuteri) wekilçilik etdiler.

Şeýle hem plasmassalary gaýtadan işlemek boýunça tehnikalary öndürmekde dünýä derejesinde öňdebaryjylaryň biri bolan Engel Austria, Eppendorf (barlaghana enjamlary), agajy we kompozit materiallary gaýtada işlemek ulgamynda meşhur maşyngurluşyk we tehnologik kompaniýasy bolan Felder Group, köpugurly metal gaýtadan işleýji merkezleri iberiji Gertnergroup we beýlekiler Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirdiler.

6.jpg

Söwda-ykdysady we senagat hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň mejlisi tamamlanandan soň, teswirnama gol çekildi. Oňa Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow hem-de Awstriýanyň Sanlylaşdyrmak we ykdysadyýet federal ministrliginiň daşary ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça baş direktory Frans Wessig gol çekdiler.

7-8.jpg

9-10.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026