Sowugyň gelmegi Ýewropada gazyň bahalaryny ýokary galdyrýar


Penşenbe güni geçirilen söwdalaryň dowamynda Ýewropada 1 müň kubmetr üçin bahasy oktýabryň ortalaryndan bäri ilkinji gezek $1750-dan ýokary galdy. Muňa Londonyň ICE biržasynyň malumatlary şaýatlyk edýär. Günüň başyndan bäri bahanyň umumy ýokarlanyşy 11%-den gowrakdyr.
Niderlanlarda TTF gaz paýlajyda gazyň 1 müň kubmetri üçin geljekki ýanwar aýynyň bahasy $1777 çenli ýa-da MWt.s üçin €164,965 ýokarlandy (ýewronyň dollara bolan gatnaşygynyň şol wagtdaky alyş-çalyş bahasyndan ugur alnyp, ICE-de bahalar MWt.s üçin ýewroda görkezildi).
Sowugyň gelmegi zerarly gazyň toplanylýan ýerlerinden onuň yzygiderli alynýandygy üçin hem-de elektrik energiýanyň öndürilişinde ony ýel arkaly öndürmegiň soňky günlerde ortaça paýynyň azalmagy sebäpli, Ýewropada gazyň bahasy ýokarlanýar.
ORIENT news








