HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täsiri tolgundyryjy film: “Gyzyl kürte” kinofilmi Almatyda “Bastau” halkara kinofestiwalynda görkeziler

Dekabr 02, 2022 | 03:45 |6465
Bäş gün, bäsleşige gatnaşdyrylýan 53 film hem-de 40 ýurtdan myhmanlar – 29-njy noýabrda Almatyda “Bastau” atly talyplaryň we ilkinji gezek görkezilýän filmleriniň Х Halkara festiwaly açyldy. Kinoforum 3-nji dekabra çenli Almatynyň döredijilik meýdançalarynda geçiriler diýip, gazak habarlar agentlikleri habr berýärler.Bäş gün, bäsleşige gatnaşdyrylýan 53 film hem-de 40 ýurtdan myhmanlar – 29-njy noýabrda Almatyda “Bastau” atly talyplaryň we ilkinji gezek görkezilýän filmleriniň Х Halkara festiwaly açyldy. Kinoforum 3-nji dekabra çenli Almatynyň döredijilik meýdançalarynda geçiriler diýip, gazak habarlar agentlikleri habr berýärler.
Çeşme:

Bäş gün, bäsleşige gatnaşdyrylýan 53 film hem-de 40 ýurtdan myhmanlar – 29-njy noýabrda Almatyda “Bastau” atly talyplaryň we ilkinji gezek görkezilýän filmleriniň Х Halkara festiwaly açyldy. Kinoforum 3-nji dekabra çenli Almatynyň döredijilik meýdançalarynda geçiriler diýip, gazak habarlar agentlikleri habr berýärler.

Şu ýyl kinofestiwala gatnaşyjylaryň köpelişi ýaly, onuň maksatnamasynyň möçberi hem ep-esli artdy – Afrika, Latyn Amerikasy, Ýewropa, Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan we Ýaponiýadan režissýorlar hem-de artistler öz işlerini görkezerler.

Tomaşaçylar festiwala gatnaşyjy ýurtlaryň kinostudiýalarynda düşürlen awtorlyk, dokumental we gysga göwrümli filmleri görüp bilerler. Bäsleşige gatnaşdyrylýan filmleriň köpüsi, eýýäm, dürli halkara baýraklaryna eýe boldy. Mysal üçin, türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň “Gyzyl kürte” kinofilmi “Türki medeniýete goşandy üçin” diýen türk kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp bolandyr.

Oguzhan ayndaky “Türkmenfilm” kinostudiýasynda düşürlen çeper film Bastau Halkara kinofestiwalynyň bäsleşikden daşary maksatnamasyna girdi. Kinofilm bolup geçen hakyky wakalara esaslanyp Beýik watançylyk urşy ýyllary hem-de urşa giden söýgüli ýaryna wepalylygyny hemişelik saklan gyzyň ykbaly barada gürrüň berilýär.

Türkmen režissýorynyň filmi Almaty şäherinde 2-nji dekabrda görkeziler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026
Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

17:44 Oktýabr 13, 2026
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026