HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Owganystanda suwaryş kanallary gurlup başlandy

Dekabr 02, 2022 | 01:48 |5954
Owganystanyň demirgazygynda Goş-Depe iri suwaryş kanalynyň gurluşygyna badalga berilmegine bagyşlanan dabara geçirildi. Çärä “Talibanyň” ýokary wezipeli ýolbaşçylary, şol sanda wise-premýer Abdul Gani Baradar, şeýle hem söwda, oba hojalyk, maglumat we serhet gullugy ministrleriniň wezipelerini ýerine ýetirijiler gatnaşdylar.Owganystanyň demirgazygynda Goş-Depe iri suwaryş kanalynyň gurluşygyna badalga berilmegine bagyşlanan dabara geçirildi. Çärä “Talibanyň” ýokary wezipeli ýolbaşçylary, şol sanda wise-premýer Abdul Gani Baradar, şeýle hem söwda, oba hojalyk, maglumat we serhet gullugy ministrleriniň wezipelerini ýerine ýetirijiler gatnaşdylar.
Çeşme:

Owganystanyň demirgazygynda Goş-Depe iri suwaryş kanalynyň gurluşygyna badalga berilmegine bagyşlanan dabara geçirildi. Çärä “Talibanyň” ýokary wezipeli ýolbaşçylary, şol sanda wise-premýer Abdul Gani Baradar, şeýle hem söwda, oba hojalyk, maglumat we serhet gullugy ministrleriniň wezipelerini ýerine ýetirijiler gatnaşdylar.

Baradar çykyşynda taslamanyň durmuşa geçirilip başlanmagynyň öz güýjüňe bolan ynama eýe bolmak ugrundaky nobatdaky ädime öwrülendigini aýtdy. Ol jemgyýetçiligi düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagynda hökümeti goldamaga çagyrdy.

“Taslama uly ähmiýete eýedir we ol oba hojalyk ulgamyna örän kömek eder. Adamlar taslamany makullamalydyrlar. Biz oba hojalyk ulgamyna zerur bolan islendik goldawy bereris. Biz beýlekilere garaşly bolmak islemeýäris” diýip, Baradar aýtdy.

Suwaryş ulgamy 50 müň gektardan gowrak ýeri gurşap alar hem-de bugdaý we ýag ýaly harytlaryň daşary ýurtlardan getirilişini azaltmaga kömek eder.

Goş-Depe suwaryş kanaly Balh welaýatynda Amyderýadan başlanyp, 285 kilometr uzalyp gitmek bilen, Jauzjanyň üstünden geçip, Farýab welaýatyna çenli ýetiriler. Taslama üç bölekden ybaratyr. Onuň ilkinjisi 108 kilometre deň bolup, ony 2023-nji ýylyň dowamynda durmuşa geçirmek maksat edinilýär. Umumy uzynlygy 177 kilometre barabar bolan ikinji we üçünji bölekleriniň bäş ýylyň dowamynda tamamlanylmagyna garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026
Pakistanyň Maglumat tehnologiýalary ministrligi Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini öwrenýär

Pakistanyň Maglumat tehnologiýalary ministrligi Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini öwrenýär

08:07 Awgust 25, 2026