HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Azerbaýjanyň prezidenti Türkmenistanyň wekiliýeti bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Dekabr 01, 2022 | 23:30 |6324
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew sişenbe güni söwda toplumynyň meseleleri boýunça wise-premýer Batyr Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetini kabul etdi. Bu barada respublikanyň baştutanynyň resmi web saýty habar berýär.Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew sişenbe güni söwda toplumynyň meseleleri boýunça wise-premýer Batyr Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetini kabul etdi. Bu barada respublikanyň baştutanynyň resmi web saýty habar berýär.
Çeşme:

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew sişenbe güni söwda toplumynyň meseleleri boýunça wise-premýer Batyr Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetini kabul etdi. Bu barada respublikanyň baştutanynyň resmi web saýty habar berýär.

Türkmen wekiliýeti ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Baku şäherine geldi.

Azerbaýjanyň prezidenti bilen geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda energiýa, ulag we logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem söwda dolanyşygynyň ýokarlanýandygy bellendi we söwda hyzmatdaşlygyny has hem giňeltjek täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem duşuşykda gämi gurluşygy, gämi abatlaýyş we beýleki pudaklarda özara hyzmatdaşlygy alyp barmak ýaly meselelere aýratyn orun berildi.

ORIENT news
Surat: president.az

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026