HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly talyplar «Spelling bee» bäsleşiginiň sebitleýin tapgyrynda ýeňiji boldular

Dekabr 02, 2022 | 17:29 |6201
Türkmenistanly talyplar iňlis sözlerini dilden harplar bilen takyk aýtmak boýunça Daşkent şäherinde geçirilen «Spelling bee» halkara bäsleşiginiň Merkezi Aziýa tapgyrynda ýeňiji boldular.Türkmenistanly talyplar iňlis sözlerini dilden harplar bilen takyk aýtmak boýunça Daşkent şäherinde geçirilen «Spelling bee» halkara bäsleşiginiň Merkezi Aziýa tapgyrynda ýeňiji boldular.
Çeşme:

Türkmenistanly talyplar iňlis sözlerini dilden harplar bilen takyk aýtmak boýunça Daşkent şäherinde geçirilen «Spelling bee» halkara bäsleşiginiň Merkezi Aziýa tapgyrynda ýeňiji boldular.

Bäsleşikde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Samir Babajanow birinji orna mynasyp boldy we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Perman Kyýasow ikinji orny eýeledi.

«Spelling bee» halkara bäsleşigi dünýäde iň meşhur dil bäsleşigidir. Ilkinji bolup ABŞ-da ýüze çykan bu bäsleşik takmynan 100 ýyl bäri dürli ýurtlarda geçirilýär.

Iňlis sözlerini harplar bilen takyk aýtmak boýunça bäsleşikler iňlis dilinde gürleýän ýurtlar üçin adatydyr, şeýle-de bolsa iňlis dilini öwrenmek üçin örän çylşyrymly «aňa laýyk gelmeýän» orfografiýa (dürs ýazuwyna) eýe bolup durýar — köp sözleriň ýazylyşy taryhy taýdan emele gelendigi sebäpli, aýdylyşyna asla laýyk gelmeýär. Şeýle ýaryşlaryň geçirilmegi mekdep okuwçylaryň arasynda sowatlylygy ýokarlandyrmaga, söz baýlygyny giňeltmäge kömek edýär diýip hasaplanýar.

ORIENT news
Surat: American councils

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026