HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropa Bileleşigi we Merkezi Aziýa ýurtlary howanyň durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary ara alyp maslahatlaşdylar

Dekabr 02, 2022 | 17:15 |7911
BMG, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri «Sendai» çarçuwaly taslamasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandylar, onuň çäklerinde Merkezi Aziýada betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça bilelikdäki strategiýa işlenip düzüldi.BMG, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri «Sendai» çarçuwaly taslamasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandylar, onuň çäklerinde Merkezi Aziýada betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça bilelikdäki strategiýa işlenip düzüldi.
Çeşme:

BMG, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri «Sendai» çarçuwaly taslamasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandylar, onuň çäklerinde Merkezi Aziýada betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça bilelikdäki strategiýa işlenip düzüldi.

Duşuşyk Ýewropa Birleşiginiň, Gazagystan Respublikasynyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasynyň we BMG-niň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça edarasynyň (UNDRR) howandarlygynda geçirildi. Bu barada UNDRR-yň resmi web saýty habar berýär.

Duşuşykda taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tebigy betbagtçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýratyn bellediler. Soňky geçirilen barlaglar 2050-nji ýyla çenli howanyň üýtgemegi sebäpli Merkezi Aziýa sebitiniň dünýäniň iň gowşak sebitlerine öwrüljekdigini görkezýär. Döwlet wekilleri betbagtçylyklara garşy milli dolandyryş ulgamlaryny pugtalandyrmak barada ylalaşdylar, şeýle hem milli we halkara derejesinde betbagtçylyga garşy göreş strategiýalaryny we meýilnamalaryny işläp düzdüler.

«ÝB-niň nukdaýnazaryndan Merkezi Aziýada betbagtçylyk töwekgelçiliginiň azalmagy suw çeşmeleri, oba hojalygy, howanyň üýtgemegi, energiýa, howpsuzlygy, saglyk ýaly köp pudaklara täsir edýär. Şol sebäpli meýilnamalarymyz betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak ulgamlaryny berkitmäge we Merkezi Aziýada howanyň durnuklylygyny pugtalandyrmaga kömek edýär» - diýip, Ýewropa Birleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala nygtady.

UNDRR tarapyndan durmuşa geçirilýän bu başlangyç 2019-njy ýylda başlandy we Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan ýaly ýurtlar tarapyndan goldanýar. Döwletler maglumatlary paýlaşmak, dolandyryş we ýerli, şeýle hem şäher we sebit derejesinde hyzmatdaşlygyň üsti bilen durnuklylygy has berkitmek üçin binýatlary gurmagy goldaýarlar.

ORIENT news
Surat: undrr.org

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa Ýaponiýanyň soňky ädimlerine «deň ölçegli garşy çäreler» bilen jogap berjekdigini mälim etdi

Russiýa Ýaponiýanyň soňky ädimlerine «deň ölçegli garşy çäreler» bilen jogap berjekdigini mälim etdi

22:00 Oktýabr 07, 2026
Ýewronyň dollara bolan hümmeti 17 aýlyk iň pes derejä çenli aşak gaçdy

Ýewronyň dollara bolan hümmeti 17 aýlyk iň pes derejä çenli aşak gaçdy

20:00 Oktýabr 07, 2026
Antalýada 77-nji Halkara astronawtika kongresi açyldy

Antalýada 77-nji Halkara astronawtika kongresi açyldy

18:00 Oktýabr 07, 2026