HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda ýasama pirotehniki serişdeleriň ulanylandygy üçin jerime salnar

Noýabr 29, 2022 | 15:45 |9305
Türkmenistanda ýasama partlaýjy maddalary we pirotehniki önümleri öndürilendigi, gaýtadan işlenendigi, satyn alnandygy, saklanandygy, daşalandygy we ulanylandygy üçin jerime ýa-da administratiw taýdan tussag etmek bellener.Türkmenistanda ýasama partlaýjy maddalary we pirotehniki önümleri öndürilendigi, gaýtadan işlenendigi, satyn alnandygy, saklanandygy, daşalandygy we ulanylandygy üçin jerime ýa-da administratiw taýdan tussag etmek bellener.
Çeşme:

Türkmenistanda ýasama partlaýjy maddalary we pirotehniki önümleri öndürilendigi, gaýtadan işlenendigi, satyn alnandygy, saklanandygy, daşalandygy we ulanylandygy üçin jerime ýa-da administratiw taýdan tussag etmek bellener.

Degişli madda 3491 Türkmenistanyň administratiw jenaýat kodeksine girizildi we ol resmi metbugatda täze üýtgetmeleriň kanunçylyga girizilen gününden başlap güýje girýär.

Partlaýjy maddalary ulanylan ýagdaýynda, olary taýýarlamak üçin niýetlenen çig maly, gurallary muzdsuz alyp, binýatlyk mukdarynyň 4-8 çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da 10 gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag etme bellenilip bilner.

Bir ýylyň dowamynda gaýtalanan jenaýaty üçin binýatlyk mukdarynyň 6-10 çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da 15 gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag etme göz öňünde tutulýar.

Bu jenaýat 16 ýaşa ýetmedik ýetginjek tarapyndan edilen bolsa, ata-enelerine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara binýatlyk mukdarynyň 2-5 çenli möçberde jerime salynýar.

Maddanyň belliginde ýasama partlaýjy serişdeleri we pirotehniki enjamlary meýletin tabşyran adamlaryň bu jenaýat jogapkärçiliginden boşadylýandygy barada görkezilýär.

Türkmenistanda habar çap edilen pursatynda jerime tölemegiň binýatlyk mukdary 100 manada barabardyr.

ORIENT news
Surat: vitebsk-region.gov.by

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

Aşgabatda suratkeş Allamyrat Muhammedowyň ýubileý sergisi açylar

00:30 Oktýabr 15, 2026
Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

Türkmenistanyň Azerbaýjana sowgady hökmünde Fizulide gurulýan metjit ýylyň ahyrynda açylyp bilner

00:25 Oktýabr 15, 2026
Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

Marko Rubio Türkmenistanyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer

00:15 Oktýabr 15, 2026