HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA we MA giňişliginde ilkinji kripto alyş-çalyş nokatlary Özbegistanda peýda boldy

Noýabr 27, 2022 | 22:15 |7055
Özbegistan kriptopullary alyş-çalyş etmek babatda hyzmatlary hödürleýänleriň ikisine ilkinji ygtyýarlylandyrmalary berdi.Özbegistan kriptopullary alyş-çalyş etmek babatda hyzmatlary hödürleýänleriň ikisine ilkinji ygtyýarlylandyrmalary berdi.
Çeşme:

Özbegistan kriptopullary alyş-çalyş etmek babatda hyzmatlary hödürleýänleriň ikisine ilkinji ygtyýarlylandyrmalary berdi.

Özbegistanyň geljegi uly taslamalar boýunça milli agentligi tarapyndan «Crypto Trade NET» JÇJ-e we «Crypto Market» JÇJ-e kripto-dükanyň işini amala aşyrmaga ygtyýarlylandyrma berildi. Olar kripto-aktiwleri satyn almakda ýa-da satmakda raýatlara has ýeňil elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirilendir.

Özbegistan kripto-aktiwleriň dolanyşygyny düzgünleşdirmek boýunça taýýar kadalaşdyryjy-hukuk binýady bolan dünýaniň az ýurtlarynyň biridir. «Crypto Trade NET» we «Crypto Market» GDA we Merkezi Aziýa giňişliginde ilkinji kripto-dükanlar boldy diýlip, habarda bellenilýär.

ÖGTMA-nyň ygtyýarlylandyrmalarynyň elektron reýestrine laýyklykda, «Crypto Trade NET»-iň we «Crypto Market»-iň merkezi edaralary Daşkentde ýerleşýär.

Ozal şu ýyl Prezident Şawkat Mirziýoýew permana gol çekip, kadalaşdyryjy-hukuk binýady giňeltdi, şonda kripto-aktiwlere, treýdinge we maýninge hukuk taýdan kesgitlemeler berildi. Mundan başga-da, hökümet maýnerler üçin goşmaça bellige alyş talaplaryny hem-de kriptokärhanalar üçin her aý tölenilmeli salgytlary girizdi.

Первые крипто-обменники на пространстве СНГ и ЦА появились в Узбекистане

Häzirki wagtda Özbegistanda bir kriptopul biržasy, döwlet Uznex bar, täze iki kärhana bolsa, kanunçylyga laýyklykda, sanly pullary alyş-çalyş ediji ýa-da kripto-dükanlar hökmünde işlär.

Şonuň bilen birlikde, Agentlik raýatlary mümkin boldugyça has hüşgär, seresap bolmaga hem-de Özbegistan Respublikasynyň çäklerinde bellenen tertipde işleri amala aşyrmaga ygtyýarlylandyrma almadyk elektron platformalaryň hyzmatlaryndan peýdalanmazlyga çagyrýar.

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Özbegistanyň raýatlary we ýuridiki taraplary kripto-aktiwleri satyn almak, satmak we (ýa-da) alyş-çalyş etmek boýunça amallary kanunçylyk namalary tarapyndan kesgitlenen tertipde diňe milli prowaýderleriň üsti bilen amala aşyryp bilerler.

Özbegistan – häzir ilkinji kriptopul başlangyçlary boýunça çäreleri görýän ýeke-täk ýurt däldir. Salwadorda Bitkoýnleriň milli edarasy – prezidentiň iş dolandyryş edarasynyň içinde ýöriteleşdirilen we tehniki özbaşdak administratiw bölüm döredildi.

Edaranyň borçlaryna bitkoýnlar, blokçeýn we kriptopullar baradaky bilimleri maksatnamalaşdyrmak we ýaýratmak, bu ulgamda Salwadorda işewürlik alyp barmak isleýän ählumumy häsiýetli telekeçilere hem-de maýadarlara goldaw bermek wezipeleri girýär.

Salwador 2021-nji ýylda bitkoýny kanuny töleg serişdesi hökmünde ykrar eden ilkinji ýurt boldy. Salwadoryň prezidenti Bukele bir hepde ozal, Merkezi Amerikanyň bu ýurdunyň günde bir bitkoýn satyn alyp başlajakdygyny aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026