HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG gender zorlugyny ýok etmek üçin bütindünýä hereketine gatnaşmaga çagyrýar

Noýabr 25, 2022 | 22:11 |2584
Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara aýal-gyzlara garşy gender zorlugyny ýok etmek gününde «Gender zorlugyna garşy 16 işjeňlik güni» atly bileleşigi başlaýar.Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara aýal-gyzlara garşy gender zorlugyny ýok etmek gününde «Gender zorlugyna garşy 16 işjeňlik güni» atly bileleşigi başlaýar.
Çeşme: unsplash.com, instagram.com / @eu4turkmenistan

Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara aýal-gyzlara garşy gender zorlugyny ýok etmek gününde «Gender zorlugyna garşy 16 işjeňlik güni» atly bileleşigi başlaýar.

Bu ýyl çäre – «Birleşiň! Aýallara we gyzlara garşy edilýän zorlugy ýok etmek üçin işjeňlik» atly şygar astynda geçirildi. Dünýädäki iň uly halkara hereketleriň biri hasaplanýan her ýyl geçirilýän bu maslahat mämişi reňk bilen belgilenip, ol aýal-gyzlara garşy hiç hili zorlugyň bolmajaklygyny aňladýan bir geljegiň nyşany hökmünde alamatlandyrylýar.

Mysal üçin, siz hem bu bileleşige gatnaşýandygyňyzy görkezýän suratlaryňyzy, habarlaryňyzy we wideolaryňyzy sosial ulgamlarda paýlaşyp, herekete goşulyp bilersiňiz. Şunuň bilen baglylykda, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde hereketiň pikirlerine örän ygrarlydygyny görkezýän suratlar eýýäm guramanyň Instagramdaky resmi saýtynda ýerleşdirildi.

ООН призвала присоединиться к глобальной кампании по противодействию гендерному насилию

«Gender zorlugyna garşy 16 işjeňlik güni» çäresi – her ýylyň 25-nji noýabryndan (Halkara aýal-gyzlara garşy gender zorlugyny ýok etmek güninden) 10-njy dekabra (Adam hukuklary gününe) çenli geçirilýär.

Bu başlangyç, aýal-gyzlara garşy gender zorlugyny ýok etmek ugrundaky düşünjäni ýokarlandyrmaga, gyzyklanýan taraplary bu ugurda hyzmatdaşlyga çekmäge gönükdirilendir. Bu halkara hereketi – adam hukuklary ýörelgelerine we hiç hili zorlugyň bolmajagy bir dünýä jemgyýetini gurmak maksatlaryna esaslanýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026