«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi


24-nji noýabrda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara binasynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň bilelikde gurnamagynda «Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynda jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlar we mährem eneler Watan mukaddesligi we perzendiň ata-enäniň öňündäki borçlary barada söhbetdeş boldular.

Şeýle hem, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gazanylýan beýik özgertmelere öz mynasyp goşandyny goşýan zenanlaryň, ýaş nesillerimizi halal we sagdyn terbiýelemekde siňdirýän yhlasly zähmetleri barada aýdylyp, «Halal zähmet – bagtyýar durmuş», «Il saglygy – ýurt baýlygy», «Saglyk - baýlyk», «Sagdyn bedende – sagdyn ruh» ýaly mowzuklar barada hem giňişleýin gürrüňler edildi.
ORIENT news
Surat «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan berildi








