HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen şahyrlarynyň eserleri "Türk edebiýatynyň dürleri" atly kitaplar ýygyndysyna goşuldy

Noýabr 26, 2022 | 16:55 |6927
Türkmen şahyrlarynyň meşhur eserleri 100 tomdan ybarat bolan "Türk edebiýatynyň merjenleri" atly kitaplar ýygyndysyna goşuldy, ol Türk dünýäsiniň nusgawy eserleriniň saýlanan goşgularyny öz içine alýar. Bu barada Türki döwletleriň guramasynyň resmi web saýty habar berýär.Türkmen şahyrlarynyň meşhur eserleri 100 tomdan ybarat bolan "Türk edebiýatynyň merjenleri" atly kitaplar ýygyndysyna goşuldy, ol Türk dünýäsiniň nusgawy eserleriniň saýlanan goşgularyny öz içine alýar. Bu barada Türki döwletleriň guramasynyň resmi web saýty habar berýär.
Çeşme:

Türkmen şahyrlarynyň meşhur eserleri 100 tomdan ybarat bolan "Türk edebiýatynyň merjenleri" atly kitaplar ýygyndysyna goşuldy, ol Türk dünýäsiniň nusgawy eserleriniň saýlanan goşgularyny öz içine alýar. Bu barada Türki döwletleriň guramasynyň resmi web saýty habar berýär.

Ägirt uly we medeni gymmatlyklary öz içine alýan kitaplar ýygyndysyny Özbegistanyň Ýazyjylar birleşigi we Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş instituty tarapyndan taýýarlandy, ony döretmegiň üstünde 200-den gowrak terjimeçiler, 100-den gowrak edebiýatçylar, ýazyjylar, redaktorlar, suratkeşler we alymlar zähmet çekdiler.

Gelip çykyşy türki halklardan bolan XI – XXI asyrlaryň şahyrlarynyň we akyldarlarynyň 629-synyň ölmez-ýitmez setirlerini öz içine alýan 100 tomdan ybarat kitaplar ýygyndysy Daşkent şäherinde 200 müň tiraž bilen neşir edildi.

Bu ýygyndyny neşir etmek baradaky karar 2019-njy ýylda Türk dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň VII sammitinde mälim edilipdi.

Kitaplaryň tanyşdyrylyş dabarasy Türki döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Daşkentiň gündogary öwreniş döwlet uniwersitetinde geçirildi.

ORIENT news
Surat: turkkon.org

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

20:25 Oktýabr 14, 2026
BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

20:00 Oktýabr 14, 2026
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

19:20 Oktýabr 14, 2026