HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow: Daşary ýurt walýutasynyň töleglerini geçirmekdäki kynçylyklar bilen ylalaşyp bolmaz

Noýabr 25, 2022 | 16:05 |6207
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda dünýädäki ykdysady kynçylyklara garamazdan, Türkmenistanyň banklaryna, kärhanalaryna we maliýe ulgamyna goldaw bermek meselesiniň ileri tutulmalydygyny aýratyn belledi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Milli Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça habar berýär.Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda dünýädäki ykdysady kynçylyklara garamazdan, Türkmenistanyň banklaryna, kärhanalaryna we maliýe ulgamyna goldaw bermek meselesiniň ileri tutulmalydygyny aýratyn belledi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Milli Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça habar berýär.
Çeşme:

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda dünýädäki ykdysady kynçylyklara garamazdan, Türkmenistanyň banklaryna, kärhanalaryna we maliýe ulgamyna goldaw bermek meselesiniň ileri tutulmalydygyny aýratyn belledi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Milli Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça habar berýär.

Parlamentiň ýokarky palatasynyň Başlygy milli manadyň daşary ýurt walýutasyna öwürmekde ýüze çykýan emeli päsgelçilikler bilen döredilen tölegleri geçirmekdäki kynçylyklar bilen hiç kimiň ylalaşyp bilmejekdigini nygtady.

Şu nukdaýnazardan Gurbanguly Berdimuhamedow çig mal serişdeleri bilen üpjün edilmändigi sebäpli käbir kärhanalaryň önümçilik kuwwatynyň doly ulanylmaýandygyna ünsi çekdi.

"Şeýle senagat kärhanalarynyň bardygyny bilýäris" - diýip, parlamentiň ýokarky palatasynyň Başlygy, olaryň işiniň talabalaýyk ýola goýlan halatynda tölenilmeli salgytlaryň mukdary artyp, şeýlelik bilen, býujet gowuşýan serişdeleriň hem artjakdygyny belledi.

Şunuň bilen baglanyşyklykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy maliýe we bank pudagyna gyssagly netijeleri berýän çözgütleri tapmak üçin bu meseleleri seljermegiň zerurdygyny ünsi çekdi.

ORIENT news
Surat redaksiýanyň arhiwinden

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Ilçisi "Qatar Charity" haýyr-sahawat guramasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi "Qatar Charity" haýyr-sahawat guramasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

16:58 Awgust 05, 2026
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026