HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet býujetini gözegçilikde saklamak we özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri tankytlady

Noýabr 24, 2022 | 20:45 |5842
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet býujetiniň serişdeleriniň gelip gowuşmagyna edilýän gözegçiligiň, şeýle hem birnäçe ugurlar boýunça bölünip berlen serişdeleriň doly özleşdirilmeýändigini tankytlady.Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet býujetiniň serişdeleriniň gelip gowuşmagyna edilýän gözegçiligiň, şeýle hem birnäçe ugurlar boýunça bölünip berlen serişdeleriň doly özleşdirilmeýändigini tankytlady.
Çeşme:

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet býujetiniň serişdeleriniň gelip gowuşmagyna edilýän gözegçiligiň, şeýle hem birnäçe ugurlar boýunça bölünip berlen serişdeleriň doly özleşdirilmeýändigini tankytlady.

Bu barada TDH agentligi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýokarky palatasynyň (Halk Maslahatynyň Milli geňeşiniň) mejlisiniň jemleri boýunça habar berýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýokarky palatasynyň Başlygy býujet serişdeleriniň dürli ugurlara bölünilişine nägileligini bildirdi. Şeýle hem hasaplamalaryň nädogrydygyna ünsi çekip, Gurbanguly Berdimuhamedow käbir ugurlar boýunça serişdeleriň bölünmeginiň ýeterlik däldigini, beýleki pudaklarda bolsa serişdeleriň, tersine, ulanylmaýandygyny belledi.
Halk Maslahatynyň Milli Geňeşiniň Başlygy jogapkär işgärleriň haýal-ýaglygyna we biperwaýlygyna ünsi çekdi, şonuň netijesinde bolsa köp serişdeler indiki ýyla geçirilýär, bu bolsa edaralaryň we kärhanalaryň işine ýaramaz täsir edýär.

Mejlisiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow öz bähbitlerini öňe sürýän işgärleri ýüze çykarmagyň we olara berk çäre görmegiň zerurdygyny mälim etdi we korrupsiýa bilen meşgullanýanlaryň «biziň aramyzda hiç haçan orun bolmaz» - diýip, belledi.

ORIENT news
Surat: turkmenistan.gov.tm

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

20:25 Oktýabr 14, 2026
BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

20:00 Oktýabr 14, 2026
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

19:20 Oktýabr 14, 2026