HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan maliýe hasaplarynda öňdebaryjy tejribäni öwrenýär

Noýabr 24, 2022 | 14:50 |2945
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň wekilleri Belgiýanyň Brýussel şäherinde geçirilen maliýe hasabaty boýunça okuwa sapagyna gatnaşdylar.Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň wekilleri Belgiýanyň Brýussel şäherinde geçirilen maliýe hasabaty boýunça okuwa sapagyna gatnaşdylar.
Çeşme: Surat BMGÖM tarapyndan Türkmenistanda berildi

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň wekilleri Belgiýanyň Brýussel şäherinde geçirilen maliýe hasabaty boýunça okuwa sapagyna gatnaşdylar.

Bu çäre maliýe hasaplaryny düzmek we 2008-nji ýylyň Milli hasaplar ulgamyny (MHU-2008) durmuşa geçirmekde özara tejribe alyşmak maksady bilen geçirildi.

Sapaga gatnaşyjylar maliýe hasaplarynyň ulanylyşy barada iň täze maglumatlar barada, şeýle hem maliýe gurallary we maglumatlary ýygnamak amalyny guramak işleri bilen tanyşdylar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanda 2008-nji ýylyň Milli hasaplar ulgamyny (MHU-2008) durmuşa geçirilmegini goldamak üçin maliýe hasaby düzmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu okuw sapagy bu ugurdaky öňdebaryjy daşary ýurt tejribesi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Makroykdysady hasaplaryň toplumyny öz içine alýan statistiki esas hökmünde MHU-nyň birnäçe artykmaçlygy bar. Ýagny – bütewilik, aç-açanlyk we takyklyk, şeýle hem netijelilik.

Bu okuw sapagy Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy (UNECE) we Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy (EFTA) bilen Ýewrostatyň hyzmatdaşlygynda, şeýle hem Ýewropanyň Merkezi Banky (ECB) we Halkara Pul Gaznasy (HPG) bilen bilelikde gurnaldy.

Duşuşyga Türkmenistanyň wekillerinden başga-da Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Albaniýanyň, Bosniýa we Gersegowinanyň, Gruziýanyň, Indoneziýanyň, Islandiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Gollandiýanyň, Demirgazyk Makedoniýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Özbegistanyň we Çernogoriýanyň wekilleri gatnaşdylar.

ORIENT news
Surat BMGÖM tarapyndan Türkmenistanda berildi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Ilçisi "Qatar Charity" haýyr-sahawat guramasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi "Qatar Charity" haýyr-sahawat guramasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

16:58 Awgust 05, 2026
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026