BSG 2022 FIFA dünýä çempionatynyň çäginde bedenterbiýe işjeňligini ýokarlandyrmak üçin programmasyny hödürledi


«Sagdyn futbol dünýä çempionaty 2022 – Sport we saglyk üçin miras döretmek» taslamasynyň çäklerinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Kataryň Saglygy goraýyş ministrligi we FIFA Halkara futbol federasiýasy çagalaryň we ýaşlaryň bedenterbiýe işjeňligini ýokarlandyrmak we saglygyny gowulandyrmak üçin täze sanly programma açdy.
GenMove Season 1 – bu emeli intellekt bilen birleşdirilen ösen tehnologiýany ulanyp, hereket yzarlaýyş oýun programmasydyr. Wideo oýunlary wagtynda dürli fiziki endikleri ösdürýän birnäçe hereketi ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Futbol türgenleşiklerinden ylham alan bu oýun hereketleri, ähli fitnes derejesindäki çagalar üçin amatly bolup, bökmek, egilmek we depmek ýaly türgenleşikleri öz içine alýar. Olary binanyň içinde we daşynda ýerine ýetirip bolýar.
GenMove Season 1 programmanyň saýtyndan alyp bilersiňiz. Programma iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dillerinde bolup, hakykat wagtda hem işleýär.
«GenMove» başlangyjy FIFA-nyň başga bir tematiki kompaniýasy – «Bring the Moves» bilen birleşýär. Ýaşlary derwezä girizilen goly bilelikde bellemek we dünýä çempionatynda işjeň ýaşlar toparyny döretmek üçin onlaýn hereketlerini paýlaşmaga çagyrýar.
BSGG-nyň tekliplerine görä, ähli çagalar we ýetginjekler hepdede azyndan 3 gezek myşsalary we süňkleri güýçlendirýän maşklary goşmak bilen, her gün ortaça 60 minutlap aerobiki maşklary ýerine ýetirmeli.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Tedros Gebreýsus dabarada çykyş edip, şeýle sanly innowasiýalaryň ýaş nesli işjeň durmuş ýörelgesine itergi bermek üçin güýçli gural bolup biljekdigini belläp, yzygiderli bedenterbiýe işiniň beden we akyl saglygyna uly uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.
BSGG-nyň Saglygy goramak boýunça hoşniýetli ilçisi we Braziliýanyň derwezeçisi Alisson Bekkeriň pikiriçe, tehnologiýa hemmeler üçin dünýäni açýar, ýöne kämahal uzak oturmaga hem sebäp bolýar. Emma “GenMove” platformasy bu meseläni çözmäge kömek eder.
ORIENT news
Surat: unsplash.com








